PAGTAÇYLARYŇ ARMASY ÝETIRILDI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda «Tejen» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde «Armaweriň pagtaçylar!» ady bilen aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabarasy geçirildi.

Dabarada çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigi, halal zähmet çekmek üçin ähli şertleriň döredilýändigi, guralýan medeni çäreleriň pagtaçylaryň göwünlerini göterip, olary täze-täze üstünliklere ruhlandyrýandygy barada täsirli gürrüň etdiler.

Dabaranyň dowamynda etrabyň medeniýet bölüminiň mahmal owazly aýdymçylarynyň, sazandalarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, edermen babadaýhanlarymyzyň päk zähmetini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna giň orun berildi. Etrabyň teatr studiýasynyň artistleriniň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy, wäşileriň degişme sahnasy olara ruhy lezzet paýlady.

Pagta ýygymynda tapawutlanan öňdebaryjy ýygymçylara, kombaýnçylara ýadygärlik sowgatlaryň gowşurylmagy dabara baý öwüşgin berdi. Meýdan düşelgesindäki dabara gatnaşanlar daýhanlaryň netijeli zähmet çekip, onuň rehnedini görmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ogulsenem HOMMADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

23 Oktýabr 2025 | 29 okalan

TÄSIRLI GEÇEN DUŞUŞYKLAR

23 Oktýabr 2025 | 23 okalan

PAGTAÇYLARYŇ ARMASY ÝETIRILDI

22 Oktýabr 2025 | 81 okalan

ÝAŞ WOLEÝBOLÇYLAR ÝARYŞDYLAR