ARASSALYGYŇ, ASUDALYGYŇ MERJEN ŞÄHERI – AŞGABAT!

Gözellikde şäherleriň serwerine öwrülen paýtagtymyz Aşgabadyň häzirki ajaýyp keşbi gündizlerine bir täsin, gijelerine has üýtgeşik. Şeýle ajaýyp şäherde ýaşamak, zähmet çekmek, medeniýetli dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda paýtagtymyzy ösdürmegiň oýlanyşykly maksatnamasynyň tapgyrlaýyn amala aşyrylmagy netijesinde, bu günki gün Aşgabat şäherimizde başy gök direýän ak mermerli ýaşaýyş jaýlarynyň, çagalar baglarynyň, mekdepleriň, sport we oýun meýdançalarynyň, dükanlaryň bina edilmegi, şeýle hem durmuş hyzmatlar ulgamynyň, awtomobil duralgalarynyň gurulmagy, ýaşyl zolaklaryň ençemesiniň döredilmegi özboluşly gözelligi bilen görenleri haýran galdyrýar.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, oňaýly ýaşaýyş jaýlaryny, myhmanhanalary gurmaga hem-de ajaýyp ekologiýa abadançylygyny döretmäge uly üns berýär. Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk baýramy halkymyzyň kalbynda täsirli duýgulary besleýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli raýatlarynyň öz ajaýyp paýtagtyna bolan buýsanç duýgulary has-da artýar. Çünki, biziň her birimiz mermer şäherimiz Aşgabadyň häzirki zaman gazananlaryna, binagärlik gözelliklerine buýsanmaga haklydyrys. Şonuň üçin hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, her ýyl gözel paýtagtymyzyň güniniň uly dabaralara beslenmegi hem aýratyn ähmiýete eýedir. Aşgabat Watanymyzyň paýtagty hem-de ýüregi hökmünde döwletimiziň ykdysady ýagdaýyny, jemgyýetiň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas mümkinçiligini, Berkarar döwletiň täze eýýamnyň Galkynyşy döwriniň ähli özgertmelerini şöhlelendirip, tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýär. Aşgabat aşyklaryň we döwrebap gurluşyklaryň şäheridir. Bu ýerde gurlan her bir bina, ýurdumyzyň okgunly ösüşleriniň şaýadydyr.

Halkymyzyň, her bir raýatyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy tapawutly aýratynlyklarydyr. Şonuň üçin hem türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýtagtymyzyň mundan beýläk hem ösdürilmegine, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin iň döwrebap şertleriň döredilmegine, Aşgabadyň gök baglyklara bürenmegine hem-de innowasion şäher hökmünde ösdürilmegine aýratyn üns berýär.

Goý, paýtagtymyz Aşgabady ösüşleriň, agzybirligiň, myhmansöýerligiň, dostlugyň, parahatçylygyň şäherine öwüren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ähli tutumly işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun.

Mähriban MEREDALIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

24 Oktýabr 2025 | 184 okalan

ALABAÝ WEPALY DOSTUMYZ