Bilim — ýaşaýşyň we ösüşiň esasy şertidir. Ol diňe bir döwletleriň we jemgyýetleriň durnuklylygyny däl, eýsem, her bir adamyň durmuşynyň manysyny we hilini kesgitleýän iň gymmatly baýlykdyr. Bilimli adam – bu dünýäniň ähli syrlaryny açmaga taýýar, güýçli ruhly, uly mümkinçiliklere eýe bolan şahsyýetdir.
Bilim ulgamy islendik kämil jemgyýetiň esasy binýadydyr. Ol adamyň aňyny ösdürýär, dünýä garaýşyny giňeldýär we durmuş ýolunda dogry kararlary kabul etmäge kömek edýär.
Häzirki döwürde, sanly we innowasion tehnologiýalaryň ösýän eýýamynda, bilimiň ähmiýeti has-da artýar. Bilim ulgamynda geçirilýän düýpli özgertmeler, ähli bilim edaralarynyň sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilmegi we okuw işine innowasion usullaryň ornaşdyrylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanda kabul edilen maksatnamalar bu ugurlary, ýagny sanly bilimi we ylmy barlaglaryň bilim bilen utgaşdyrylmagyny goldap, ýurdumyzyň dünýä ölçeglerine laýyk gelýän hünärmenleri ýetişdirmegini esasy maksat edinýär.
Bilimli nesil — bu döwletiň ertirki güni, onuň berk kuwwatydyr. Bilim, ýaşlarymyzyň zehinini açmaga, döredijilik ukyplaryny ösdürmäge we ýurdumyzyň ösüşine saldamly goşant goşmaga ruhlandyrýar. Netijede, bilim almak — bu ynsanyň durmuşdaky iň uly maýa goýumydyr. Ol bize geljekki mümkinçilikleri ulanmaga we ýagty, eşretli durmuş gurmaga kömek edýän altyn açardyr.
Garaja HAJYBERDİÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Balkan welaýat Geňeşiniň habarçysy.












