BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BUÝSANJY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşi tarapyndan «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Türkmenistan ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň 30 ýyllyk taryhy senesiniň dabarasynyň toý-baýramlara beslenjek eziz diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda goňşy döwletler we dünýäniň beýleki döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklaryň we netijeli hyzmatdaşlygyň has-da ösdürilip, ählumumy parahatçylygy, abadançylygy pugtalandyrmaga gönükdirilen beýik başlangyçlary, şeýle-de ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan il-ýurt bähbitli düýpli özgertmeleri ýaşlara ýetirmek maksady bilen aýdym-sazly medeni çäresi geçirildi.

Geçirilen çärede çykyş edenler, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýä döwletleri bilen parahatçylyga, halklaryň abadançylygyna we ählumumy ösüşe ýardam edýän oňyn we netijeli işleriň üstünlikli amala aşyrylýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Aýdym-sazly medeni çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýurdumyzda her bir raýatyň bagtly geljegi üçin uly aladalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

Şadurdy GOWŞAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

05 Noýabr 2025 | 9 okalan

WATAN BORJY MUKADDESDIR

05 Noýabr 2025 | 11 okalan

BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BUÝSANJY

03 Noýabr 2025 | 75 okalan

TÜRKMEN ALABAÝYNYŇ BAÝRAMY BELLENILÝÄR