BIZ BAGTYÝAR ÇAGALAR

Golaýda çagalaryň döredijilige, sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramagynda etrabyň 2-nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpe nesilleriň arasynda «Biz bagtyýar çagalar» atly surat çekmek boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Oňa şol bakja-bagyň körpeleri gatnaşdylar.

Bäsleşikde körpeler bagtyýar çagalygy, ajaýyp tebigatymyzy, haýwanat dünýäsini wasp edýän suratlary çekdiler. Olar suratlaryň üsti bilen öz ukyp-başarnyklaryny aýan etdiler. Netijede, emin agzalary bagtyýar çagalaryň surat eserleriniň many-mazmuny bilen tanyş bolup, olara adalatly baha berdiler we ýeňijileri öňe çykardylar. Bäsleşigiň netijesi boýunça I orna Bilbil Myradowa, II orna Maýsa Hojageldiýewa, III orna Tahyr Aganyýazow mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Döredijilik bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar, ýurdumyzy bagtyýar çagalygyň mekanyna öwürýän, çagalaryň döredijilik bilen meşgullanmagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyşlaryny beýan etdiler.

Ogulboldy ÖWEZBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

05 Noýabr 2025 | 20 okalan

BIZ BAGTYÝAR ÇAGALAR

04 Noýabr 2025 | 62 okalan

PARAHATÇYLYK: ÇAGALARYŇ SESI

04 Noýabr 2025 | 58 okalan

BITARAPLYK — BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY