PAGTAÇYLARA RUHY LEZZET PAÝLAN DABARA

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň «Bereket» daýhan birleşiginiň meýdan düşelgesinde «Daýhandan hereket — ýerden bereket» ady bilen aýdym-sazly medeni-dynç alyş dabarasy geçirildi.

Mukaddes topragymyzyň egsilmez baýlygy bolan gowaça hasylyny ýygnamakda we harmana daşamakda tapawutlanýan pagtaçylary höweslendirmek hem-de olaryň armasyny ýetirmek maksady bilen geçirilen dabara ýygymçylar, kärendeçiler, kombaýnçylar we sürüjiler gatnaşdylar. Etrabyň medeniýet we sungat işgärleri özleriniň ajaýyp aýdym-sazlary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda gazanylýan üstünlikleri, edermen babadaýhanlaryň irginsiz zähmetini, päk yhlasyny uly joşgun bilen wasp etdiler.

Dabaranyň barşynda öňdebaryjy pagtaçylara jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýakymly täsirlere beslenen dabara gatnaşyjylar oba hojalyk pudagynyň ösmegi, ýurdumyzyň bereket-bolçulygyň mekanyna öwrülmegi ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  adyna çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Zübeýda GARAJAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Sarahs etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Öňki makala

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 22 okalan

PAGTAÇYLARA RUHY LEZZET PAÝLAN DABARA

04 Noýabr 2025 | 48 okalan

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

01 Noýabr 2025 | 176 okalan

TARYHY WAKANYŇ ŞANYNA GEÇEN SÖHBETDEŞLIK