ÝAŞASYN PARAHAT DURMUŞ

Ýakynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy hem-de türkmen milli manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda at gazanan žurnalistleriň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik duşuşygy geçirildi.

Döredijilik duşuşygynyň dowamynda türkmen ýaşlaryny Bitaraplyk ýörelgeleri esasynda milli ruhda terbiýelemek, olarda watansöýüjilik, agzybirlik, ata Watanymyza, merdana halkymyza bolan buýsanç duýgusyny ösdürmek, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyza, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza goýýan sarpasyny ýaýbaňlandyrmak, ýaşlarda bilimiň ähli görnüşleri boýunça düşünjelerini has-da artdyrmak hem-de talyp ýaşlaryň döredijilik ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan yglan edilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen «Ýaşasyn parahat durmuş!» atly makala ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Bäsleşige ýurdumyzyň 9 sany ýokary okuw mekdebinden jemi 14 sany makala kabul edilip, eminler toparynyň agzalarynyň çykaran netijesi boýunça 7 sany iş, ýagny makala baýrakly orna mynasyp boldy.

Bäsleşikde ýokary netijeleri görkezen talyp ýaşlara Türkmen döwlet maliýe instituty tarapyndan Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar okamaga, öwrenmäge, döretmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 25 okalan

ÝAŞASYN PARAHAT DURMUŞ

04 Noýabr 2025 | 51 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI