BILIM — ÖSÜŞE ÝOL

Döwletimizde ýaş nesiller hakyndaky edilýän aladalaryň netijesinde bilim özgertmeleri barha ýaýbaňlandyrylýar. Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda okaýan ýaş nesle dünýä tejribesiniň soňky gazananlaryna laýyk bilim berilmegi, döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagy babatda ähli şertler döredilýär. Türkmenistan, esasan hem, ynsanperwer ulgamda abraýly gurama bolan BMG-niň ÝUNISEF, ÝUNFPA, ÝUNDP, ÝUNESKO ýaly ýöriteleşdirilen düzümleri bilen bilelikde giň gerimli işleri amala aşyrýar. Muňa mysal hökmünde, ÝUNESKO-nyň Assosirlenen mekdepler toruna ýurdumyzyň birnäçe orta mekdepleriniň girizilmegini, ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO klublarynyň döredilmegini görkezmek bolar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesil hakynda edilýän aladalar öz miwelerini berýär. Häzirki wagtda halkara olimpiadalarynda we ders bäsleşiklerinde, sport ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýeleýän ýaşlaryň sany köpelýär. Şeýle bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy we dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrýar. Bu ugurda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň möhüm şertidir.

Ýaş nesliň bilimli we terbiýeli ösmegi, olaryň dünýä ylmynyň, tehnikasynyň we medeniýetiniň üstünlikleriniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşmaklary ýagty geljegiň berk binýadydyr.

Durdy MÄMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

06 Noýabr 2025 | 20 okalan

BILIM — ÖSÜŞE ÝOL

04 Noýabr 2025 | 86 okalan

BILIM — ÝAGTY GELJEGIŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI