Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşniň gurnamagynda, Akdepe etrabyň tehniki hünär okuw mekdebinde okaýan talyp gyzlaryň gatnaşmaklarynda milli däp-dessurlarymyza, ene-mamalarymyzdan, gelin-gyzlarmyzdan gelýän el işlerine söýgi döretmek maksady bilen «Milli lybasymyz – gözelligiň nusgasy» atly el işleriniň sergisi geçirildi.
Halkymyzyň gadymy ýörelgelerine eýerip geçirilen sergide, ýaşlar türkmeniň medeni gymmatlyklaryna degişli bolan el işleri bilen meşgullanyp, ene-mamalarymyzdan miras galan gadymy keşdeçilik sungatynyň taryhy hakynda aýdyp berdiler. Serginiň dowamynda çykyş edenler, milli keşdeçilik we halyçylyk sungatymyzyň ÝUNESKO-niň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi, bu nepis el işleriniň ähmiýetini ýaş nesillere ýetirmekde has oňyn netije berýändigi barada bellediler.
El işleriniň sergisiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzyň medeni mirasyny, milliligini aýap saklamak we ony dünýä ýaýmak, geljekki nesillerimize ýetirmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Azada ORAZOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.












