Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiz Türkmenistanyň halkara at-abraýy barha arşa göterilýär.
Täze taryhy döwürde Türkmenistan ýurdumyz dünýä döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary berkidip, halkara derejesinde duşuşyklaryň, gepleşikleriň, forumlaryň, maslahatlaryň geçirilýän dostlukly merkezine öwrüldi. Berkarar Watanymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy maksady durnukly ösüşi üpjün etmek üçin amatly şertleri döretmekden, dost-doganlyk gatnaşyklary rowaçlandyrmakdan ybaratdyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň, ilkinji nobatda, tutuş dünýäde parahatçylygy berkitmäge, ýüze çykýan meseleleri parahatçylykly ýol bilen çözmäge, ähli halklaryň arasynda özara düşünişmegi ýola goýmaga gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik tutumlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan daşary syýasaty, öňe sürýän halkara başlangyçlary bu gün dünýäde giň goldawa eýe bolýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi ata-Watanymyzyň şan-şöhratynyň dünýäde giňden dabaralanýandygynyň buýsançly görkezijisidir.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzy öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň,Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!
Azat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












