S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Obasenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol ýokary okuw mekdep tarapyndan Türkmenistanyň Oba hojalyk we Bilim ministrlikleri bilen bilelikde guraldy.
Maslahata Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň, şol sanda Hytaýyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Ermenistanyň, Eýranyň, Russiýanyň, Belarusyň, Latwiýanyň, Polşanyň, Sloweniýanyň we Malaýziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň we ylym-bilim edaralarynyň professorlary, alymlary, mugallymlary, ylmy işgärleri, talyplary gatnaşdylar.
Maslahat başlamazdan öň, oňa gatnaşyjylar ýokary okuw mekdepde ýaýbaňlandyrylan Diýarymyzyň obasenagat toplumynyň önümleriniň, oba hojalygynyň dürli ugurlarynda ylmy gazanylanlaryň hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak babatda ýerine ýetirilen üstünlikli milli taslamalaryň sergisi bilen tanyşdylar. Şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň – ýurtda bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli S.A.Nyýazow adyndaky TOHU hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan guralan «Bilimli ýaşlar – ýurduň geljegi» atly bäsleşige gatnaşyjylaryň iň oňat ylmy-taslama işleri görkezildi.
Maslahatyň umumy mejlisindäki çykyşlarda bellenilişi ýaly, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň belleniljek senesiniň öň ýanyndaky Hasyl toýunda ýurtda «Obasenagat toplumynyň durnukly ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi we onda ara alnyp maslahatlaşylýan meseleleri aýratyn ähmiýete eýedir.
Maslahatyň işi «Agronomiýa, bagçylyk we ekologiýa», «Obasenagat toplumynda ykdysadyýet we dolandyryş, ynsanperwer, matematiki ylymlar, agroinženeriýa», «Azyk senagatynda we suw hojalygynda innowasion tehnologiýalar, zootehniýa we weterinar lukmançylygy, ýeňil senagat» diýen üç bölümçelerde dowan etdi.
Geçirilen maslahat oňa gatnaşanlara ýokary okuw mekdeplerde möhüm ugurlar boýunça geljekki degişli hünärmenleri taýýarlamak meselelerini giňişleýin maslahatlaşmak üçin uly mümkinçilikleri döretdi. Şeýle hem bu çäre ylmy ugurlar we azyk howpsuzlygyny hem-de obasenagat toplumynyň durnukly ösüşiniň gazananlaryny üpjün etmek wezipeleri boýunça hünär derejesinde pikirleri alyşmagyň netijeli meýdançasyna öwrüldi. Bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň baş şertleriniň biridir.
turkmenistan.gov.tm












