ZENAN GÖZELLIGI EDEBINDE

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, maşgala mukaddesligini, ýaşlaryň bagtyýar durmuşy ugrundaky taýsyz tagallalary orta mekdeplerde bilim alýan okuwçy gyzlaryň arasynda wagyz etmek, “Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasynyň” çäklerinde olaryň gender deňligi baradaky düşünjesini artdyrmak maksady bilen Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň 42-nji orta mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşi, etrap häkimligi hem-de etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary tarapyndan «Zenan gözelligi edebinde» ady bilen geçirilen duşuşykda täsirli çykyşlaryň birnäçesi diňlendi. Onda jemgyýetimizde zenanlaryň orny, olar hakda edilýän aladalar barada gürrüň edildi, gelin-gyzlary bezeýän asylly häsiýetler, milli ýol-ýörelgeler dogrusynda durlup geçildi. Şeýle-de okuwçy gyzlara watansöýüjilik, päk ahlaklylyk, maşgala mukaddesligi, agraslyk bilen bagly gymmatly öwüt-ündewler aýdyldy.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar mähriban zenanlarymyza belent sarňa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ogulsenem HOMMADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Tejen etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 11 okalan

ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZ

10 Noýabr 2025 | 9 okalan

MEÝDAN DÜŞELGESINDE GEÇEN DABARA

10 Noýabr 2025 | 17 okalan

ZENAN GÖZELLIGI EDEBINDE