Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň Akwekil obasynyň golaýyndaky meýdan düşelgesinde pagtaçylary zähmet üstünligine ruhlandyrmak we olaryň armasyny ýetirmek maksady bilen medeni-dynç alyş dabarasy geçirildi.
Ruhubelentlige beslenen medeni çärede aýdym-sazlar belent ýaňlandy. Etrap medeniýet bölüminiň aýdym-saz, tans toparlarynyň mahmal owazly aýdymlary, milli öwüşginli tanslary, wäşileriň degişmeli çykyşlary gyzgyn garşylandy. Pagta hasylyny ýygnap almakda we kabul ediş nokatlaryna daşamakda tapawutlanan zähmetkeşlere jemgyýetçilik guramalarynyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Dabara gatnaşanlar ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyny kämilleşdirmek, daýhanlaryň çeken zähmetiniň rehnedini görmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýän hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Leýli BEGENJOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrap Geňeşiniň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.












