ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZ

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 16-njy orta mekdebinde okuwçy ýaşlaryň arasynda «Ýaşlar — röwşen geljegimiz» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Ýaş nesli watançylyk, zähmetsöýerlik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek, olarda milli mirasymyzyň gymmatlyklaryna söýgi döretmek, şeýle-de asylly ýörelgelerimizi wagyz etmek maksady bilen geçirilen duşuşyk örän täsirli boldy. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaş nesillerimizi ylymly-bilimli edip ýetişdirmek, watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly bolup ýetişmegi ugrunda amala aşyrylýan işler hakda aýratyn nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar barada edýän taýsyz tagallalaryna tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdylar.

Merdan ÇARYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Ahal welaýatynyň Kaka etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 11 okalan

ÝAŞLAR — RÖWŞEN GELJEGIMIZ

10 Noýabr 2025 | 8 okalan

MEÝDAN DÜŞELGESINDE GEÇEN DABARA

10 Noýabr 2025 | 15 okalan

ZENAN GÖZELLIGI EDEBINDE