KITAP — BILIMIŇ ÇEŞMESI

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň, etrap Merkezi kitaphanasynyň hem-de etrabyň 2-nji orta mekdebiniň bilelikde guramagynda ýaşlarda kitap okamaga bolan höwesi artdyrmak, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Kitap — bilimiň çeşmesi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Duşuşykda Garagum etrabynyň Merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary Akmämmedowa Aýna we Allanurowa Selbi dagylar çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ýaşlara kitap okamagyň, kitap bilen dostlaşmagyň, olary hemra tutunmagyň ähmiýetini giňişleýin düşündirip, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan dörän ajaýyp kitaplarynyň baý many-mazmuny hakynda aýratyn belläp geçdiler.

Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, asuda we parahat durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulbagt AMANMYRADOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Garagum etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

10 Noýabr 2025 | 10 okalan

KITAP — BILIMIŇ ÇEŞMESI

07 Noýabr 2025 | 89 okalan

MASLAHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

07 Noýabr 2025 | 97 okalan

WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI