Ýaşlaryň gazanýan her bir üstünligi döwletimiz tarapyndan yzygiderli höweslendirilýär. Bu bolsa döwletiň daýanjy bolan her bir ýaş nesliň üns merkezindedigini görkezýär.

Munuň şeýledigini noýabr aýynyň 16-syna her ýyl geçirilýän Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli Ýaşlar baýragynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy dolulygyna subut edýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkeziniň binasynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň baýram günlerinde bagtdan paýly ýaşlaryň 141 sanysy sylaglanyldy. Olara Şahadatnamalar we hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Ynsan ömründe ýatdan çykmajak bagtly, şatlykly pursatlar bolýar. Şeýle pursatlar biziň her birimiziň ýene öňe ilerlemegimize, yhlasly zähmet çekmegimize, döredijilik älemimiziň arşa galmagyna ganatlandyrýar.
Dabaranyň dowamynda ýaýbaňlandyrylan sergi ýaşlaryň ylymda, bilimde, sportda we beýleki ähli ugurlarda gazanan üstünliklerini açyp görkezdi.












