ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň hem-de Magtymguly etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemek, olarda türkmen edebiýadymyza bolan söýgini artdyrmak, ýazyjydyr şahyrlarymyzyň eserleri bilen tanyş etmek, şeýle-de Türkmenistanyň Halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Döwletmämmet Öwülýägulyýew adyndaky 13-nji orta mekdebinde «Onuň üçin bu dünýäden gitme ýok» ady bilen bäsleşik geçirildi.

Bäsleşikde esasy orunlara mynasyp bolan okuwçylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşi hem-de Magtymguly etrap bilim bölümi tarapyndan diplomlar, Hormat hatlar hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar, ýaş nesilleriň zehinlerini ýüze çykarmakda döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk bildirdiler.

Durdy DURDYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 18 okalan

ONUŇ ÜÇIN BU DÜNÝÄDEN GITME ÝOK

17 Noýabr 2025 | 19 okalan

WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

17 Noýabr 2025 | 14 okalan

BILIM BILEN HIKMET – ALTYNDAN GYMMAT