Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ösmegi hem-de daşary syýasy gatnaşyklaryň berkemegi, ýaş nesilleriň sagdyn giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda uly işler alnyp barylýar. Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher hem-de Köpetdag etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda Türkmen döwlet maliýe institutynyň ýazgylar jaýynda «Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi» atly gepleşiginiň täze sany ýazgy edildi.
Onda çykyş edenler ýakynda Hormatly Prezidentimiziň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyň ähmiýeti hakynda, Gahryman Arkadagymyzyň sebitde deňi-taýy bolmadyk akylly – Arkadag şäheriniň 2-nji tapgyrynyň gurluşygynyň alnyp barlyşy bilen tanyş bolmak üçin iş saparyny amala aşyrmagy hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyny uly buýsanç bilen göterýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň müdiriýetiniň mejlisi barada, şeýle hem gaznanyň hasabyna amala aşyrylýan ynsanperwer kömekleri barada wagyz etmek täsirli söhbetleri etdiler.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar Garaşsyz Türkmenistan döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň barha dabaralanmagy ugrunda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ogulsapar BABYLOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.












