AGARÇÄKMEN (MIZEMEZ MIRAS)

Ene-mamalarymyzdan miras galan halyçylyk sungatymyz, milli el işlerimiz gelin-gyzlarymyzyň kalbynyň gözelligini inçelik bilen açyp görkezýär. Türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi türkmen zenanlarynyň el hünärleriniň dünýä ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolýandygyndan habar berýär. Dokmaçylykda gazanylan şeýle milli tejribeler halkymyzyň bu ugurdaky ussatlygyny alamatlandyrýar.

Milli dokmaçylygymyzyň ajaýyp hem-de nusgalyk önümleriniň biri-de agarçäkmenlik matanyň dokalyşydyr. Taryhyň sahypalarynda bu barada örän gyzykly we geň maglumatlar berilýär. Agar matasynyň dokalyşy barada ilkinji bolup, Wengriýanyň Budapeşt uniwersitetiniň professory Armeniý Wamberi ýazýar. Ol XIX asyryň 60-njy ýyllarynda derwüş eşigine girip, Orta Aziýa, şol sanda Türkmenistana syýahat eden alymdyr.

Ol özüniň «Orta Aziýa syýahat» atly kitabynda agar matasynyň dokalyşy we onuň aýratynlyklary dogrusynda belläp geçýär.

Maglumatlara görä, agar matasy, esasan, alty aýlyk torumyň örküjiniň ýüňünden dokalypdyr. Onuň üçin ýüňüň diňe sütügini alypdyrlar. Torumyň ýüňi bolmadyk halatynda ogşugyň ýa-da uly düýeleriň ýüňünden peýdalanypdyrlar. Ýöne torumyň ýüňünden dokalan agar mata iň gowy, ýokary hilli we örän gymmat bahaly bolupdyr. Bu işiň tejribeli ussatlary bir çäkmen üçin ululygyna-kiçiligine görä, 1,5 kilogramdan 4 kilograma çenli ýüplügiň gerek bolýandygyny aýdýarlar.

Agar matasyny dokamak çylşyrymly bolup, ol örän köp zähmeti talap edýär. Ilkinji nobatda, ýüň ýuwlup, Güneşde guradylýar. Soňra darakdan geçirilip, ondan arassa pişge edilýär. Ýüň sapaklar ik arkaly egrilip, ýönekeý zähmet gurallary bilen dokalýar. Garry enelerimiz çäkmenlik matanyň berk we syk bolmagynyň inçe tärlerini özleşdiripdirler. Munuň üçin, ilki bilen, duzly hamyr taýýarlanylýar. Hamyry ýugurma işi ondan süýdüň reňkindäki suwuklyk bölünip aýrylýança dowam edýär. Şol suwuklyga il arasynda «hamyr peti» ýa-da «hamyr süýdi» diýer ekenler. Soňra hamyr süýdi tä ýelim bolýança gaýnadylýar. Ol agaç çemçäniň arka ýüzi bilen eliň aýasyna degrip görülýär. Şonda çemçe ele ýelmeşse, oňa mata üçin niýetlenen örän inçe ýüplügi atyp, gaýnatmagy bes edýärler. Soňra 2 sagat çemesi gazanyň agzy ýapyp goýulýar. Tejribeli dokmaçylaryň gürrüňlerine görä, ýüplük şol wagtyň dowamynda hamyr süýdünden bug arkaly berklik we belli bir derejede reňk hem alýar.

Agarçäkmenlik mata örän ýumşak bolup, onuň ýüpek garylyp dokalan görnüşini ykjam towlap, ýüzükden geçiripdirler. Şeýle usulda petlenen matadan dokalan agarçäkmenden yzgar geçmändir. Halkymyzyň ajaýyp dokma önümi bolan agarçäkmenlere daşarky bazarlarda-da ýokary isleg bildirilipdir. Bu bolsa ene-mamalarymyzyň el hünärleriniň gözelligini, ajaýyplygyny bütin dünýä äşgär edýär.

Ene-mamalarymyz haly-palas, keteni, tara, agarçäkmenlik matalary dokamak işlerini ýaş gyz-gelinlere hem inçelik bilen öwredipdirler. Bu bolsa türkmen gözellerinde zähmetsöýerlik, erjellik, agraslyk ýaly milli häsiýetleriň kemala gelmegine getiripdir. Şeýlelikde, eli işli mähriban gelin-gyzlar bagtyny we at-abraýyny zähmetden tapypdyrlar.

Maral BERDIÝEWA,

Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.

Nesil gazeti 15.11.2025 ý.

Meňzeş habarlar

17 Noýabr 2025 | 12 okalan

AGARÇÄKMEN (MIZEMEZ MIRAS)

07 Noýabr 2025 | 388 okalan

GYZ-GELINLERIŇ ÝARAŞYGY – KETENI