Berkarar Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde halkymyzyň durmuş üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak boýunça bimöçber işler alnyp barylýar.
1-nji fewralda döwlet Baştutanymyz Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde milli Liderimiz Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň netijelerine bagyşlanylan iş maslahatyny geçirdi. Ýurt Baştutanymyz maslahatda Balkan welaýatynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň wekiliýetleriniň derejesinde geçirilen duşuşygyň netijeleri barada hasabaty diňläp, daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda wajyp orny eýeleýändigini, Azerbaýjanyň Türkmenistan üçin möhüm hyzmatdaş bolup durýandygyny, ýokary derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi ugrunda degişli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmagyň möhümdigini aýtdy. Hazar deňzi dostluk we halkara hyzmatdaşlyk deňzine öwrülmelidir, onuň giňişliginde parahatçylyga hem-de halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilen giň möçberli işler alnyp barylmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi.
Şeýle-de iş maslahatynyň barşynda Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri, ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ugra degişli işlenilip taýýarlanylan maksatnama barada hormatly Prezidentimize hasabat berildi. Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň hereket edýän ülňülere laýyk derejede alnyp barylmalydygyny hem-de ulanmaga bermegiň möhletleriniň doly berjaý edilmelidigini nygtady.
Soňra milli Liderimiz ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleri ýaýbaňlandyrmak, energiýa serişdeleriniň eksportunyň möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreler hakynda Türkmenistanyň çäklerinde bar bolan nebit-gaz gorlaryny ylmy esasda öwrenmek, çykarmak, senagat taýdan gaýtadan işlemek, energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna ugradylýan möçberlerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanmalydygyny tabşyrdy.
Maslahatyň dowamynda milli Liderimize döwletimiziň ulag we aragatnaşyk kuwwatlyklaryny artdyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada, şeýle-de hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň çäginden geçýän Beýik Ýüpek ýolunyň ugurlaryny dikeltmek boýunça ýerine ýetirilýän işleri nazara alyp, ulaglaryň ähli görnüşleriniň işini kämilleşdirmek boýunça maksatnamanyň amala aşyrylýandygy dogrusynda habar berildi. Döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy şäheriniň täze enjamlar bilen üpjün edilen deňiz menziliniň halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgesi we logistik merkez hökmünde ykrar edilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda halk hojalyk toplumynyň ähli bölümleriniň ysnyşykly özara hereket etmegini ýola goýmagy, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň dolandyryş düzümini kämilleşdirmek bilen bagly meseleler boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.
Iş maslahatynda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Balkan welaýatynyň çäginde ýerleşýän harby we hukuk goraýjy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmakda, harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda ýerine ýetirilýän işler hakynda hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň düzümleriniň ählisiniň öňünde durýan wezipeleriň möhümdigine ünsi çekip, bu ugurda gözegçiligiň güýçlendirilmelidigini belledi.
Içeri işler ministri «Amul — Hazar 2018» awtorallisini degişli derejede guramak, bu halkara ähmiýetli çäräniň maksatnamasy barada aýtdy. Milli Liderimiz jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan «Amul — Hazar 2018» awtorallisiniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy. Soňra «Türkmenhowaýollary» gullugynyň başlygy Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde uçuş-gonuş zolagyny gurmak boýunça taslama işleriniň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny habar berdi. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýolagçy we ýük uçarlaryna niýetlenilen ýerli howa menziliniň uçuş-gonuş zolagyny gurmak boýunça degişli teklipleri taýýarlamagy çaltlandyrmagy tabşyrdy. Şeýle hem Balkan welaýatynyň häkimi welaýatyň durmuş düzümini ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabaty bilen çykyş etdi. Ýurt Baştutanymyz welaýatyň düzümlerinde döwlet maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde säwliklere ýol berilýändigine nägilelik bildirip, bu işleri döwrebap talaplara laýyk guramagy häkimden berk talap etdi.
Milli Liderimiz iş maslahatyny tamamlap, Aşgabada ugrady.
“Nesil” gazeti,
03.02.2018ý.












