Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3 – 5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlarynyň arasynda yglan eden «Merdana nesil - 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Mary şäher tapgyry geçirildi.
Ýurdumyzyň çagalarynyň, okuwçy ýaşlarynyň ruhy taýdan ösmegini, ahlak, edep häsiýetleriniň berkemegini gazanmak, şeýle-de milli medeniýetimizi we sungatymyzy yzygiderli ösdürmäge, ösüp gelýän ýaş nesliň sungat äleminde zehinli hünärmenler bolup ýetişmeklerini gazanmaga, ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen döwlet syýasatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmek, kiçi ýaşly oglanlary merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy dowam edip gelýän asylly däplerine hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, olarda kiçilikden hünär öwrenmäge höwes döretmek, şeýle-de olaryň hakyky watançy ýigitler bolup ýetişmeklerini gazanmak maksady bilen geçirilen şadyýan bäsleşigiň şäher tapgyryny Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi hem-de Mary welaýat Baş bilim müdirligi bilelikde gurnadylar. Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň mejlisler zalynda geçirilen bäsleşige onuň mekdep tapgyrynda ýeňiş gazanan okuwçy oglanlary gatnaşdylar. Olar sahnada türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly synmaz ruhuna belent sarpasyny, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýekelikde şorta söz ýerine ýetirmek, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly ösüşleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşy ýerine ýetirmek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler. Bäsleşikde Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň at gazanan artisti Enejan Akmyradowa, Mary welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň işgärler boýunça inspektory Sülgün Ahmedowa, Mary şäher Bagşylar öýüniň bagşysy Akgül Çaryýewa, B.S.Türkmenbaşy adyndaky Mary welaýat medeniýet köşgüniň baş režisýory Dünýä Annaberdiýewa hem-de Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň 19-njy orta mekdebiniň müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary Gülälek Geldiýewa eminlik etdiler. Eminleriň gelen gutarnykly netijesi boýunça, I orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 25-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Allanur Akmuhammedow, II orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 11-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Daýanç Mälikberdiýew, III orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Ýakup Atageldiýew, III orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň 21-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Durdyhajy Muhammetsahydow mynasyp boldular.
Bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolan okuwçy oglanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.
«Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşigiň Mary şäher tapgyrynda I we II orunlara mynasyp bolan okuwçy oglanlar bäsleşigiň Mary welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Güljemal TOÝKULYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Mary welaýatynyň Mary şäher Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň sanly ulgam boýunçaesasy hünärmeni.












