AGZYBIR MAŞGALA – JEBIS MILLET

Ýakynda Mary welaýatynyň Ýolöten etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap birleşmesiniň, Ýolöten etrap medeniýet bölüminiň bilelikde guramaklarynda Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy Reýimberdiýewleriň maşgalasynda aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy kümüş saçly Ýazgül ene, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa hem-de Mary welaýatynyň Ýolöten etrabynyň 41-nji orta mekdebiniň mugallymy, mekdebiň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Şasenem Röwşenowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda ata Watanymyz bu gün diňe bir sebitde däl, eýsem tutuş dünýäde parahatçylyk söýüji, dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkidýän ylalaşdyryjy merkez hökmünde tanalýar. Munuň özi Türkmenistan döwletimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli daşary syýasatynyň ählumumy ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň taryhy tejribesi we ähmiýeti, halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda dostlukly we özara bähbiti gatnaşyklary ösdürmekdäki hyzmaty ýokary baha mynasyp bolýar diýip bellediler. Soňra etrabyň medeniýet sungat işgärleriniň aýdym-sazlary bilen  çykyşlaryny dowam etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar, halkymyzy bagtyýar geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Jennet ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň

Guramaçylyk  bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Noýabr 2025 | 27 okalan

AGZYBIR MAŞGALA – JEBIS MILLET

26 Noýabr 2025 | 25 okalan

MERDANALARYŇ BÄSLEŞIGI ŞOWHUNA BESLENDI

26 Noýabr 2025 | 26 okalan

MERDANA NESILLER BÄSLEŞDILER