Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň 3 – 5-nji synpda okaýan oglanlarynyň arasynda yglan eden «Merdana nesil – 2025» atly şadyýan bäsleşiginiň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap tapgyry geçirildi.
Bäsleşige etrabyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň zehinli okuwçy oglanlary gatnaşdylar. Bäsleşigiň şertlerine görä okuwçylar türkmen halkyna mahsus bolan merdanalygy, Watana bolan söýgini, bagtyýar zamanamyzda ýetilen belent sepgitleri, gazanylan üstünlikleri çeper sözleriň üsti bilen beýan etmek, ýekelikde şorta sözleri ýerine ýetirmek, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan uly üstünlikleri, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirip bäsleşdiler.
Şeýlelikde Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 18-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Mominbaýew Myrat I orna, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 4-nji orta mekdebiniň 5-nji synp okuwçysy Azatow Resulberdi II orna, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 44-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Duşenbaýew Umid III orna mynasyp boldular.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary hem-de sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşikde I we II orna mynasyp bolanlar welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Şeker HAÝTANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň
Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.












