ÇAR TARAPA ÝAŇ SALÝAR TÜRKMEN-ÖZBEK DOSTLUGY

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň, Türkmen oba-hojalyk institutynyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de welaýatyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň dürli ulgamlarda zähmet çekýän işjeň agzalarynyň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy hem-de «Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda zolagynyň açylyp ulanmaga berilmegi mynasybetli «Çar tarapa ýaň salýar türkmen-özbek dostlugy» atly brifing çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler iki dostlukly halkyň döwlet baştutanlarynyň ak pata bermeginde açylan bu söwda zolagynyň halklar üçin amatly mümkinçilikleri döredýändigini, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ynsanperwer daşary syýasatynyň ýurtlary dostana gatnaşyklara çagyrýandygyny uly buýsanç bilen bellediler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlar Watanymyzyň ösüşleri ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çäksiz alkyş sözlerini beýan etdiler.

Nurýagdy GALPAKOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň

Daşoguz welaýat Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar