Hormatly Prezidentimiziň her bir ugurdaky nusgalyk göreldesi ýaşlar üçin görelde mekdebi. Ýaş nesillerde zähmete bolan söýgini ösdürmek, olary berk bedenli, sagdyn ruhda terbiýelemek mähriban Arkadagymyzyň döwlet syýasatyndaky esasy üns aladalarynyň biridir. Muňa her bir pursatda göz ýetirmek bolýar.
Hormatly Prezidentimiz 4-nji fewralda dynç güni bolsa-da, Ahalteke atçylyk toplumyna bardy.
Behişdi bedewlere aýratyn gadyr goýýan mähriban Arkadagymyz bedewler bilen didarlaşdy we Gujurly atly bedew bilen gezim etdi. Müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetiniň ösüşine ägirt uly goşant goşan türkmen halkynyň özboluşly medeni mirasyny aýawly saklamak, baýlaşdyrmak we dünýäde giňden wagyz etmek ýörelgeleri ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň derejesine ýetirildi. Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan hormatly Prezidentimiziň parasatly öňdengörüjilikli syýasaty bilen ýurdumyzyň ynamly gadamy ýelden ýüwrük bedewleriň badyna meňzeýär.
Soňra ol ýerde Miras atly bedewe atlanan ogly Serdar bilen mähriban Arkadagymyzyň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeli sporty ösdürmegiň ugurlary boýunça pikir alyşmagy halkymyzyň halypa-şägirtlik ýörelgesiniň hakyky nusgasynyň beýany boldy. Miras atly bedewde hormatly Prezidentimiz halypa çapyksuwarlaryň arasynda 2017-nji ýylda geçirilen ýaryşda ýeňiji bolup, baş baýraga mynasyp bolupdy.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Diýarymyzyň dünýä ýüzünde sport ýurdy hökmündäki abraýy belende galýar. Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan 2017-nji ýylda paýtagtymyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleriniň üstünlikleri türkmen sportunyň abraýyny we şöhratyny belende galdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejede yklymlaýyn ýaryşlara görlen taýýarlyk möhüm ähmiýete eýe boldy. Mejlisiň deputaty Serdar Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we sportuň ösdürilmegi ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Mälim bolşy ýaly, ýaş parlamentariý Türkmenistanyň Söweş sungaty milli federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär. Bu federasiýanyň wekilleri «Aşgabat 2017» oýunlarynda ýygyndy toparymyz üçin medallaryň örän köpsanlysyny gazandy.
Atly gezelenjiň dowamynda hormatly Prezidentimiz ogly bilen ýurdumyzda geçiriljek «Amul — Hazar 2018» halkara awtoralliniň, welosipedli ýörişiň we ylgaw ýaryşynyň meseleleri boýunça hem pikir alyşdy. Bu ugur boýunça ýaryş milli Liderimiziň teklibi bilen Beýik Ýüpek ýoly diýlip atlandyryldy. Şeýle hem agyr atletika boýunça paýtagtymyzda geçiriljek dünýä çempionaty, 2020-nji ýylda Ýaponiýada boljak Olimpiýa oýunlaryna Türkmenistanyň toparynyň görýän taýýarlyk işleri dogrusynda gürrüň edildi.
Ýurdumyzda Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň döredilmegi hem ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreleriň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir.
Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň saglygyny ähli zatdan ileri tutýar. Muňa ýurdumyzda amala aşyrylýan tutumly işleriň uly rowaçlyklara beslenýändigi hem aýdyň subutnama.
Milli Liderimiz ahalteke bedewlerine bagyşlap birnäçe eserlerini halkymyza peşgeş berdi. Şol ajaýyp eserlerinde hormatly Prezidentimiz milli atçylyk pudagyň ösdürilmegi ugrunda ägirt uly işleriň bitirilýändigini, ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratynyň belende galýandygyny belleýär.
Görşümiz ýaly, ýurdumyzyň beýik ösüşleriniň tizligi bedew badyna meňzedilýär. Bu Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi atly şygar bilen badalga alan 2018-nji ýylymyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, ýagşy dessurlaryň we nurana arzuwlaryň dabaralanýandygyny alamatlandyrýar. Ahalteke bedewi häzirki bagtyýarlyk döwrümiziň döredijilikli ruhy göterilişiň eýýamyny şöhlelendirýän ajaýyp keşbine öwrüldi.
“Nesil” gazeti,
06.02.2018ý.












