«Toýdan ýetirsin», «Toýda didarlaşaly» diýip, göwnünde ýagşy niýetleri ýaran edinen halkymyzyň uly tutumlary ýagşy sözler bilen dowamat tapýar. Küren-küren il bolup öý tutmak, agzybirlikde toý bermek bereket-bolçulykdan, egsilmez rysgallylykdan nyşan. Halkyny bir supranyň başynda jem eýläp, ýagşy günleriň eşret bulagyndan göwünlere tükeniksiz bagt paýlaýan milli Liderimiziň her bir başlangyjy il-günümize şatlyk-şowhunyň, bagtyýar geljegiň serpaýyny ýapýar. Bu abyrsyz işleriň aňyrsynda hormatly Prezidentimiziň halkymyz üçin edýän aladasy ýatyr.
* * *
Aňňat-aňňat melemtil çägesöw çölüň içinde oba bar diýseler kim ynanar?! Gümmezekläp ho-ol uzaklardan görünýän ak telpekli kömelekler kimin ýaýylyp ýatan meýdanyň gujagyny bezeýän ak öýler gözüňe yssy görünýär. Daşy sazak bilen aýmança edilip aýlanan agylyň içindäki owlak-guzulardyr goýunlaryň mäleşýän sesleri depe-gollara ylla diýersiň, heniz eşidilmedik aýdym bolup ýaňlanýar. ...Hanha, guýudan suw almaga barýan gyzlar. Olaryň oýun-henek atyşyp, läledir monjugatdy aýdyşlaryny görsene! Sähranyň täsin owaz bilen öwüsýän şemalam gyzlaryň bu aýdymlarynyň üstüni ýetirmekde şeýle bir ilgezik welin heý, goýaý. Tazydyr el guşlary bilen awa çykan ýigitler... garysyna ýassanyp, nazaryny alyslara diken alabaý iti obanyň asudalygynyň goragynda häzirlenip dur. Beýleräkde ak sakgally, peşeneli ýaşulularyň kimsi çaý başynda mesawy gürrüň etseler, kimsi «keçe-keçe» oýnuny oýnaýarlar. Ak gyňaçly enelerimiziň agtyklaryna mähribanlyk bilen el işlerini öwredip, öwüt-ündew berip oturyşlary aýry bir sungat.
Ynha-da, içinde müň bir dürli naz-nygmatdyr ýüpek parçalar bilen doly bazar. Başga döwletlerden gelen syýahatçylar, täjirler bazaryň harytlarynyň haýrany. Enelerimiziň inçeden nepis dokan halylary, gözüň ýagyny iýip barýan köz dek gyzyl keteniler, külalçylaryň milli nagyşlar bilen nepislän küýzeleri, zergärleriň ussatlyk bilen ýasan şaý-sepleri, daýhanlaryň alyn derinden kemala gelen dokmaňyz dänedir bakja önümleri her alyjynyň islegi...
Ýüpek ýolunyň ugrundan göýä dessanlardaky ýaly üsti horjun-horjun ýükli agyr-agyr basyp, alyslardan görünen hatarly kerweniň obanyň çetinden girmegi satyjylarda begenç duýgulary bilen birlikde ýakymly başagaýlygy döretdi. Söwda gyzyşdy. Bu bazardan ýüküni tutan täjir-söwdagärler soňra kerwensaraýlarda düşlediler.
Dünýäniň syrlaryny bir kitaba jemleýän alymlaryň talyplary bilen bile obserwatoriýada ylmyň jümmüşine aralaşyp oturyşlary, täsin oýlap tapyşlary, tejribeleri hemmeleriň ünsüni özüne çekýär...
Goňşy obadan gelin alyp gelýän kejebäniň töwereginde gyzyl-ala gülüşip gelýän mähelläniň şowhuny asmana göterilýärdi. Bagşylaryň belent heňde ýerine ýetiren aýdymdyr dessanlary, çekeleşikli bäsleşigi toýuň şowhunyny artdyrdy. Töwerek ala-ýaz. Durmuşyň datly günleri her ynsanyň kalbynda özüçe ýatlama goýýar. Gözüňde surat bolup galjak pursatlaryň her birini içgin-içgin synlap oturşyňa kalbyň nähilidir bir ezizlik bilen dolup gidýär.
* * *
Ýyly söz ýüreklere barýar. Diýarymyzyň haýsy künjegine gitseň-de, isle şäher, isle oba tapawudy ýok, hemişe ilki bilen «Hoş geldiňiz!» diýen ýazga gözüň düşýär. Bu mähirli sözler türkmeniň myhmansöýerliginden, agzybirliginden, jebisliginden, ynsanperwer gatnaşyklaryndan habar berýär. Şol pursat dideleriň hoşnut arzuwlardan dolup durşuna her gezek täze bir dünýäniň bosagasyndan ätlän ýaly bolýarsyň...
Ine, mähriban Arkadagymyzyň bimöçber aladasy bilen Bagtyýarlyk etrabynda gurlan «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň açylyş dabarasyna baranyňda hem ilki bilen gözüňe ilýän şol sözler seni hyýalyňdaky keşbini çeken dünýäňe aparýar. Bu ýerde hyýallaryň hakykat bolýandygyna göz ýetirýärsiň. Özem tüýs ertekilerdäki çölüň içinde gurlan köşk kimin. Ýylyň-ýylyna açylyp ulanylmaga berilýän ýaşaýyş toplumlaryň ählisi dünýä ülňülerine laýyk, oňaýly şertler bilen üpjün edilýär. Bu bolsa türkmen halkymyzy, ýaş maşgalalary buýsandyrýar.
Hawa, «Toý diýseň, gury sanaç togalanarmyş» diýilýär. «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynyň nobatdakysy hormatly Prezidentimiziň Şa gadamynyň düşmegi bilen açyldy.
* * *
Begençden ýaňa uçganaklaýan gözler... Hoş arzuwlar. Sazyň akgynly owazyna hereketlerini utgaşdyrýan çagalaryň güler ýüzleri... Indi boý almaly ýaşajyk daragtlar. Ysy çar ýana burk urýan güller... Şarňyldap duran ak tamlar. Gaýda-gaýmalaşyp ýören myhmanlar... Gazanlarda bygyrdap gaýnap duran lezzetli tagamlar... bularyň ählisi toý döwresiniň gelşigine ýaraşyk goşýar.
Hallygözel ŞANAZAROWA,
«Nesil»
“Nesil” gazeti,
10.02.2018ý.












