Türkmenistanyň Prezidenti Palestina Döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisinden ynanç hatyny kabul etdi.
23-nji martda hormatly Prezidentimiz Palestina Döwletiniň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hossein Ali Mostafa Gannamy kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Diplomat milli Liderimize wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbasyň mähirli salamyny hem-de Palestina sapar bilen gelmek baradaky çakylygyny ýetirdi. Jenap Hossein Ali Mostafa Gannam parahatçylyk söýüjilikli syýasaty we döredijilikli başlangyçlary bilen halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanda ýurduna wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Hormatly Prezidentimiz diplomaty bu jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, birek-birege hormat goýmak we netijelilik ýörelgeleri esasynda guralýan türkmen-palestin gatnaşyklarynyň okgunly häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen belledi. Milli Liderimiz Prezident Mahmud Abbasa mähirli salamyny hem-de Palestina sapar bilen gelmäge çakylygy üçin minnetdarlyk sözlerini aýdyp, Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary bilen deňhukukly hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugruna ygrarlydygyny nygtady.
Döwlet Baştutanymyz we ilçi türkmen-palestin hyzmatdaşlygynyň geljegi barada özara gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň barşynda taraplaryň ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn görnüşde — abraýly halkara we sebit guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga meýillidigini tassykladylar.
Şunuň bilen baglylykda, Palestinanyň Prezidentiniň geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistana amala aşyran ilkinji resmi saparynyň hem-de türkmen paýtagtynda dostlukly ýurduň Ilçihanasynyň açylmagynyň döwletara gatnaşyklaryň taryhynda şanly waka bolandygy bellenildi. Aşgabatda ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek hem-de netijeli medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin ygtybarly esasy goýdy. Şol ylalaşyklar bolsa gol çekilen resminamalarda berkidildi. Taraplaryň bilelikdäki hökümetara topary döretmek hem-de özara Medeniýet günlerini geçirmek baradaky meýli şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam etmelidir.
“Nesil” gazeti,
25.03.2017ý.












