ASYRYŇ ALTYN HALKASY

23-nji fewralda täze transmilli desgalaryň gurluşygyna başlandy.

 Türkmen topragyna çarwa bahary halkara dostluk ýörelgeleriniň ýaz ýakymyny getirdi. Muňa gadymy Mary welaýatynda bolup geçen wakalar kepil geçýär. Şol gün Mary welaýatynyň Serhetabat etraby we Owganystanyň Hyrat şäheri toý donuny geýdi. Bu ýerde asyryň iň kuwwatly desgalarynyň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga berildi. Şeýle derwaýys tutumlaryň biri bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbi tutuldy. Halkara gatnaşyklaryň has-da pugtalanmagynyň esaslarynyň biri bolan Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanmaga berildi. Toý şüweleňini ýada salan bu dabara hormatly Prezidentimiz bilen bilelikde ýurdumyzda geçirilýän wajyp dabaralara gatnaşmaga gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Muhammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar dagylar gatnaşdylar. Umumadamzat bähbitli şu desgalaryň gurluşygynyň amala aşmagy üçin hormatly Prezidentimiz çäksiz uly alada bilen gurşaldy. Garaşsyz döwletimiziň dostlukly daşary syýasatynyň netijesi täze transmilli desgalaryň gurluşygynda aýdyň beýanyny tapýar. Ýer ýüzünde we sebitde dostlugy, raýdaşlygy pugtalandyrmakda uly orun tutýan bu gurluşyklar barada Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti yzygiderli iş alyp barýar. Şanly Bitaraplygymyzyň 20 ýyllygy mynasybetli 2015-nji ýylyň dekabr aýynda Mary welaýatynda TOPH gaz geçirijisiniň hem-de «Galkynyş» gaz käniniň senagat taýdan özleşdirilmeginiň üçünji nobatdakysynyň desgalarynyň gurluşygyna badalga berilmegini oňa mysal hökmünde ýatlap bolar. Ine, hormatly Prezidentimiziň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitaby bilen adybir atlandyrylan 2018-nji ýylda bu beýik taslamalaryň işiniň ilerledilmegi baý many-mazmuna eýedir. Halkara derejesindäki bu gurluşyklar gadymy dostluk ýollarymyzyň gaýtadan dikeldilmeginiň binýadyny düzýär.

Milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň hem-de halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň esasynda goňşy ýaşaýan Owganystan döwletine ýakyndan ýardam edilýär. Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň gurlup ulanylmaga berilmegi türkmen-owgan halklarynyň jebis gatnaşyklarynyň bir parçasydyr. Bu ýoluň gurluşygyna geçen ýylyň noýabr aýynda hormatly Prezidentimiz badalga beripdi. Gysga wagtyň içinde gurlan demir ýoly iki halkyň dostlukly goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mysaly hökmünde dabara şowhun çaýdy. Uly dabara gatnaşmaga gelen Owganystanyň, Pakistanyň hem-de Hindistanyň döwlet ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçiren milli Liderimiz gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin deňlik we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi. Dabara gatnaşmaga gelen hormatly Prezidentimiz gül desseleri, uly hormat-sarpa bilen garşylandy. Milli Liderimiz belent mertebeli myhmanlar bilen dabaranyň geçirilýän ýerine ugraýar. Ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň şirin owazlary, tansçy ýigitlerdir gyzlaryň sazlaşykly hereketleri olary her ädimde gyzgyn garşylap, mähir bilen ugratdy. Dabaranyň geçirilýän ýeri bu gün aýratyn bir röwüşde görnüp, Serhetabadyň seleň sähralaryna gözellik çaýdy. Bu ýerde türkmeniň milli gymmatlyklary bilen bilelikde dabara dahylly bolan ýurtlaryň hem milli miraslarynyň sergilenmegi göwünlere röwşenlik çaýdy. Halkymyzyň şan-şöhratyny dünýä ýaýýan haly-palas, zergärçilik önümleri bilen birlikde türkmen topragyndan geçen Beýik Ýüpekýolunyň ähmiýetini açyp görkezýän eksponatlar hem bar. Milli lybaslar, başgaplar, dürli sowgatlyklar, keramika önümler, keçeler we saz gurallary belent derejä ýeten türkmen halkymyzyň milli gymmatlyklaryny has-da apalaýandygynyň şaýady bolup göründi.

Pakistana degişli pawilýonlarda amaly-haşam sungatynyň önümleri, tebigy gözelliklerinden söhbet açýan eksponatlar goýlupdyr. Owgan halkynyň sergisinde bolsa esasy Hyrat şäherine mahsus bolan gymmatlyklar bar.

Şeýle ýakymly görnüşleri özünde jemleýän dabaranyň hormatly Prezidentimiziň çykyşy bilen başlanmagy ähmiýetini artdyrýar. Gahryman Arkadagymyz dost-doganlyga bat berjek bu transmilli desgalaryň gurluşygy bilen dabara gatnaşyjylary tüýs ýürekden gutlaýar. Desgalaryň her biriniň peýdasy, kuwwaty we girdejisi barada aýratyn durup geçýär. Uzynlygy 1840 kilometre ýetjek gaz geçirijisi gurlandan soň, ýylda ondan 33 milliard kub metr türkmen mawy gazyny akdyrmagyň mümkindigini nygtaýar. Gorlary boýunça dünýäde ikinji orunda durýan «Galkynyş» gaz käniniň möhüm ähmiýetini düşündirýär. TOPH gaz geçirijisiniň ugry bilen optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurulmagynyň hem möhüm dostluk köprüsi boljakdygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz onuň 814 kilometre barabar boljakdygyny nygtaýar. Owganystan Yslam Respublikasy bilen ulag hyzmatlary babatda hem uly işler alnyp barylýar. Türkmenistan — Owganystan — Täjigistan demir ýolunyň Kerki — Ymamnazar — Akina böleginiň ulanylmaga berilmegi şol işleriň netijesidir. Bu ýollar her bir ýurduň haryt dolanyşygynyň güýçlenmegine goltgy berýär. Aýratyn hem Owganystanyň dünýä söwda-ykdysady ulgamyna goşulyşmagynda uly orun eýeleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň çykyşyndan soň mertebeli myhmanlar yzly-yzyna söz sözleýärler.

Owganystanyň Prezidenti türkmen-owgan dostlukly gatnaşyklarynyň öz köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýandygyny nygtaýar. Gadymyýetde Maryda, Hyratda we Multanda öçmejek yz galdyran beýik şahsyýetleriň ýaşandygyny belleýär. Gurulýan transmilli desganyň owgan halkynyň gülläp ösüşlerine ýol açjakdygyny tekrarlaýar.

Pakistanyň Premýer-ministrine söz berilýär. Ol öz çykyşynda asyryň uly desgasynyň gurluşygy bilen dabara gatnaşyjylary gutlap, munuň öz döwleti üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilik döredýändigini aýratyn nygtaýar. Gaz geçirijisi bilen bilelikde optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň gurluşygynyň Pakistanyň ykdysady kuwwatlylygyny ýokarlandyrjakdygyny belleýär.

Gezek Hindistanyň daşary işler döwlet ministrine ýetýär. Ol turuwbaşdan türkmen we hindi halklarynyň gadymy dostlugyndan söhbet açýar. Hindistanda ýaşan we şygyr döreden türkmen şahyry Baýram han Türkmeni ýatlap, onuň goşgy setirlerinden mysal getirýär. Şu ägirt uly desgalaryň gurulmagynyň oňa dahylly halklaryň durmuş şertlerini gowulandyrmakda çäksiz uly peýdasynyň boljakdygy barada söhbet edýär. Gadymy türkmen topragyndan gözbaş alýan TOPH-niň taryhda öçmejek yz galdyran Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltjekdigini tüýs ýürekden ynandyrýar.

Şeýlelikde, asyryň altyn halkasyna öwrülen TOPH-niň nobatdaky gurluşygyna badalga berilmegi ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmak bilen bilelikde dost-doganlyk ýollaryna müdimilik röwşenlik çaýar.

“Nesil” gazeti,

27.02.2018ý.

Meňzeş habarlar