Ýurdumyzyň ykdysady kuwwaty ýokarlanýar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde watandaşlarymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyz jemi içerki önümiň ösüş depgini boýunça dünýä ýurtlarynyň arasynda öňdäki orunlary saklap gelýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan Türkmenistanda alnyp barylýan işjeň maýa goýum syýasatynyň netijesinde, ýüzlerçe önümçilik desgalary we durmuş-medeni maksatly binalar gurlup ulanylmaga berilýär. Bu ýagdaýlar ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň yzygiderli berkemegini häsiýetlendirýän wajyp görkezijiler bolup çykyş edýärler.

2018-nji ýylyň 9-njy martynda bolan Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Halkara pul gaznasynyň (HPG) wekiliýetiniň iş saparynyň netijeleri barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa habar berildi. Iş saparynyň netijesi boýunça HPG-niň missiýasy ýörite beýannama bilen çykyş etdi. Hususan-da, geçen 2017-nji ýylda ýurdumyzyň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 6,5 göterim derejesinde bolandygy bu abraýly halkara maliýe guramasy tarapyndan tassyklanyldy.

Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde şunuň ýaly uly üstünlikler hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan oýlanyşykly we öňdengörüjilikli ykdysady syýasatynyň netijesinde gazanylýar. HPG-niň beren maglumat habarynda geçen ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýetinde ösüşleriň gazanylmagyna, ilkinji nobatda, tebigy gazyň hem-de daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň artmagy, şeýle hem giň gerimler bilen alnyp barylýan karz syýasatynyň täsir edendigi bellenip geçilýär.

Bilşimiz ýaly, 2015-nji ýylyň maý aýynda Arkadag Prezidentimiziň tagallalary netijesinde «Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň durmuş-ykdysady strategiýasynyň çäklerinde daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek we olaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlary kesgitlemek bu maksatnamanyň esasy maksady hökmünde kesgitlenildi. Maksatnamada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň gatnaşmagynda «Türkmenistana daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça gurulmaly kärhanalaryň sanawy» tassyklanyldy. Gürrüňi edilýän maksatnamanyň kabul edilenine köp wagt geçmedik hem bolsa onuň eýýäm oňyn netije berýändigini statistiki maglumatlaryndan görmek bolýar. Hususan-da, soňky ýyllarda ýurdumyza daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň möçberi azalýar.

Daşky gurşawda kyn ykdysady şertleriň dowam edýän häzirki şertlerinde ýurdumyzda oňyn ykdysady ýagdaýyň döremegine netijeli karz syýasatynyň amala aşyrylmagy ýardam etdi diýlip HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşine beren bahasynda görkezilýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan amala aşyrylýan pul-karz syýasatynyň çäklerinde karz bermegiň usullaryny ösdürmek we kämilleşdirmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şoňa laýyklykda, ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan berilýän karzlaryň möçberleri yzygider ýokarlanýar. Türkmenistanyň bank ulgamy öz tagallalaryny hususy bölegiň önümçilik mümkinçiliklerini artdyrmaga, şahsy taraplara ýeňillikli karzlarybermäge, zerur bolan tehniki serişdeleri, abzallary we esbaplary satyn alýan oba hojalyk önümlerini öndürijileriň isleglerini üpjün etmäge, raýatlaryň gündelik sarp ediş harajatlaryny kanagatlandyrmaga, daşary ýurtlara iberilýän we daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän önümçilikleri karzlaşdyrmaga gönükdirdi. Öz wagtynda amala aşyrylan bu çäreler dünýä ykdysadyýetiniň milli ykdysadyýetimize ýetirip biljek ýaramaz täsirlerini gowşatmaga mümkinçilik berdi.

HPG-niň Türkmenistanyň ykdysady ösüşi baradaky maglumat habarynda gazy gaýtadan işleýän täze toplumlaryň ulanylmaga berilmeginiň meýilleşdirilmegi we iri taslamalaryň tamamlanmagy ýurdumyzda ykdysady işjeňligiň geljekki ösüşine ýardam berjekdigi bellenilip geçilýär. Dogrudanam, häzirki wagtda ýurdumyzda nebitgaz toplumyna degişli bolan iri önümçilik desgalarynyň birnäçesiniň gurluşygy alnyp barylýar. Olaryň hatarynda, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky tebigy gazy gaýtadan işläp, benzin öndürýän zawody, Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesiniň golaýyndaky polipropileni, pes dykyzlykly çyzykly polietileni, poliwinilhloridi, kaustik sodasyny, duz kislotasyny we suwuk hlory öndürýän gazhimiýa toplumyny, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndaky polietileni we polipropileni öndürýän gazhimiýa toplumyny, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabyndaSuwuklandyrylan uglewodorod gazyny öndürýän desgany, Mary welaýatynda Tagtabazar gaz käninde suwuklandyrylan gazy öndürýän desgany we şuňa meňzeş başga-da birnäçe iri gazy gaýtadan işleýän toplumlary görkezmek bolar. Elbetde bu desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi ilkinji nobatda ýurdumyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmaga, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak ýoly bilen ösdürmäge, goşmaça iş orunlarynyň müňlerçesini döretmäge ýardam eder.

HPG-niň missiýasynyň beýannamasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» has-da diwersifisirlenen bazar ykdysadyýetiniň esasynda uzak möhlet üçin durnukly we hemmetaraplaýyn höweslendirmek maksady bilen düzümleýin özgertmeleri çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berilýändigi nygtalyp geçilýär.

Ýurdumyzy ösdürmegiň täze ýedi ýyllyk maksatnamasynda milli ykdysadyýetimizi ösdürmek, bazar gatnaşyklaryna çalt geçmek, hususan-da, döwlete dahylsyz ulgamy ösdürmek, bilelikdäki kärhanalary we paýdarlar jemgyýetlerini döretmek, gazna biržalarynyň we gymmatly kagyzlaryň bazarlarynyň işini güýçlendirmek üçin ähli mümkinçiliklerden we serişdelerden peýdalanmagyň wezipeleri kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz 2008-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen geçiren duşuşygynda ýurdumyzda hususy eýeçiligi ösdürmegiň döwrebap konsepsiýasynyň berk binýadyny tutdy. Şol seneden başlap, ýurdumyzda hususy eýeçiligi, şol sanda-da kiçi we orta telekeçiligi ösdürmegiň täze, senagat-innowasion häsiýetli tapgyryna badalga berildi. 2009-njy ýylyň awgust aýynda «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi netijesinde telekeçilige döwlet goldawyny bermegiň hukuk binýady döredildi.

Goý, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni baýdak edinip, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak babatda dünýä nusgalyk işleri amala aşyrýan eziz Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri hemişe rowaç bolsun!

Nurýagdy AÝNAZAROW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

13.03.2018ý.

Meňzeş habarlar