Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan döwletimiz özüniň parahatçylyga we oňyn bitaraplyga esaslanan daşary syýasy ugruny yzygiderli amala aşyrmak bilen, Ýakyn Gündogar sebitiniň ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklaryň has-da ösdürilmegine uly ähmiýet berýär. Bu babatda, taryhy, medeni umumylyklara eýe bolan arap ýurtlary, şol sanda ygtybarly dostlukly hyzmatdaşlygymyzyň barha ösýän ýurtlarynyň biri hem Birleşen Arap Emirlikleri hasaplanýar.
Milli Liderimiz bu dostlukly ýurtda iki günlük resmi saparda boldy. Onuň barşynda iki döwletiň däp bolan oňyn gatnaşyklara ygrarlydygy, taraplaryň deňhukuklylyk, özara bähbitlilik hem-de hoşmeýilli erk-isleg ýörelgeleri esasynda giň möçberli hyzmatdaşlygy ösdürmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.
Milli Liderimiziň we BAE-niň ýokary derejedäki ýolbaşçylarynyň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň hem-de ynanyşmagyň ýokary derejesi munuň şeýle bolmagyna ýardam edýär. Emirlikleriň işewürleriniň geljegi uly türkmen bazarynda eýeleýän ornuny berkitmäge gyzyklanmasy artýar.
Resmi saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Abu-Dabide Birleşen Arap Emirlikleriniň Wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum, BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, ministri, Prezidentiniň iş dolandyryjysy Şeýh Mansur Bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Birleşen Arap Emirlikleri dünýäde ýerasty baýlyklara iň baý ýurtlar bolup durýarlar. Bu bolsa ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýeterlik şert döredýär. Nebiti we gazy çykarmak, gaýtadan işlemek we halkara bazarlaryna ibermek hyzmatdaşlyk etmekde uly mümkinçilikleri açýar.
Hormatl y Prezident i miz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk baradaky gürrüňi dowam edip, Türkmenistanyň we BAE-niň gurluşyk hem-de himiýa senagaty pudaklaryny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini belledi. Emirlikleriň hem-de tutuş arap dünýäsiniň işewür toparlarynyň ýurdumyza bildirýän uly gyzyklanmasy milli ykdysadyýetimiziň durnukly we okgunly ösüşi bilen şertlendirilendir.
Iki ýurduň gatnaşyklarynda ulag ulgamynyň hem uly geljegi bar. Halkara ulag-aragatnaşyk geçelgeleri ýurtlarymyz üçin strategik taýdan möhümdir.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine-de uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ugurda däp bolan gatnaşyklaryň wajypdygyny aýdyp, iki döwletiň hem-de halkyň arasynda medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Baý taryhy-medeni mirasymyzy öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek zerur bolup durýar.
Türkmenistanyň hem-de BAE-niň halklaryny umumy taryhy, medeniýeti, däp-dessurlary, adatlary, medeni-ynsanperwer, ruhy we ahlak gymmatlyklary baglanyşdyrýar. Bularyň ählisi iki döwletiň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek üçin berk esas bolup hyzmat edýär. Bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary ösdürmek ugrunda tagalla edilýär.
Döwlet Baştutanymyz milletiň täsin medeni mirasyny aýawly saklamagyň we şunuň bilen baglylykda, muzeý işini ösdürmegiň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Milli Liderimiz türkmen-emirlikler gatnaşyklaryny ösdürmek üçin ynsanperwer hyzmatdaşlygyň uly ähmiýeti barada aýdyp, medeniýet ugry boýunça hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň wajypdygyny belledi. Munuň özi döredijilik intelligensiýasynyň wekillerine we tutuşlygyna Türkmenistanyň hem-de BAE-niň ýaşaýjylaryna iki ýurduň gadymy we häzirki zaman sungatynyň eserleri bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berer.
Hormatl y Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine bolan resmi sapary iki döwletiň hem dowam edýän dostlukly gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmeklige ygrarlydygyny, täze mümkinçilikleri netijeli peýdalanmaklyga ynamlydygyny görkezýän uly ädim boldy. Geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň netijesinde türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Hökümetara we pudagara resminamalarynyň uly toplumyna gol çekildi.
“Nesil” gazeti,
17.03.2018ý.












