Aşgabat halkara sport baýramçylygyna taýýarlyk görýär

Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky maslahaty geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar tarapyndan garalypgeçilen esasy mesele Aziada — 2017-niň nyşanlary, oýunlaryň şekili Wepaly atly alabaý boldy.

 Aziada — 2017-niň Guramaçylyk komitetiniň 26-njy martda geçirilen mejlisiniň barşynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň, birnäçe ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň wekilleriniň, daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ýerine ýetirilen işler baradaky hasabatlary diňlenildi. Onuň gün tertibine milli Liderimiziň Aziada — 2017-niň taslamasyny durmuşa geçirmek, sentýabr aýynda boljak oýunlaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan işleriň netijeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

 Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmeginiň möhüm ähmiýeti bardyr. Şunda bedenterbiýäni we sporty ösdürmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiziň başlangyçlarynyň aýratyn orun eýeleýändigini bellemeli. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Başlygydygyny, sporty ösdürmäge goşan goşandy üçin Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň ýokary sylagyna — Hormat ordenine mynasyp bolandygyny aýratyn bellemeli.

 Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň sport ulgamynyň ösdürilmegine gönükdirilen maksatnamalaýyn syýasaty oňyn netije berýär. Häzirki döwürde türkmen sporty ösüşiň täze derejesine çykýar. V Aziýa oýunlaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, ýurdumyzyň wekiliýetleri halkara sport ýaryşlaryny guramak boýunça dünýäniň ösen tejribesini öwrenmek we özleşdirmek üçin daşary ýurtlarda saparlarda bolýarlar. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen bilelikde Aziýa sebitinde, şeýle hem Awstraliýa we Okeaniýa ýurtlarynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny wagyz etmek boýunça giň möçberli maglumat işleri ýaýbaňlandyryldy.

 Ýaş türgenleri höweslendirmek, olara goldaw bermek, sport ulgamyny ýokary hünärli mugallym-tälimçiler hem-de beýleki zerur serişdeler bilen üpjün etmek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk işleriniň möhüm ugry bolup durýar. Şu maksat bilen, daşary ýurtly hünärmenler bilen özara gatnaşyklar ösdürilýär. Daşary ýurtlaryň tejribeli tälimçileri çagyrylýar we okuw sapaklary guralýar. Aziada — 2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşi boýunça Milli federasiýalaryň we merkezleriň alyp barýan işi netijeli häsiýete eýe bolýar.

 Döwlet Baştutanymyz Aşgabat Aziadasyna taýýarlyk meselelerine yzygiderli üns berýär we Türkmenistanda sport-sagaldyş hereketini mundan beýläk-de ösdürmekde, oňa ýaşlary hem-de çagalary çekmäge durmuş, medeni babatda bu wakanyň has-da ähmiýetlidigini nygtaýar. Milli Liderimiz sport ulgamynyň döwrebap düzümini giňeltmegiň diňe bir ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda däl, eýsem berk bedenli ýaşlary terbiýelemek, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak üçin möhüm şertleri döretmekde hem ähmiýetlidigini belleýär.

 Mundan başga-da, ýurdumyzda ýokary derejedäki giň möçberli ýaryşlaryň ilkinji gezek geçirilmegi Türkmenistanyň dünýädäki abraýynyň ýokary galmagynda hem ähmiýetlidir. Türkmenistanyň özüniň daşary syýasat ugrunda parahatçylyk döredijiligi we bitaraplygy ynsanperwer gatnaşyklarynda, şol sanda sport ulgamynda netijeli diplomatik gurallaryň biri hökmünde görmegi ýaly birnäçe ýagdaýlar döwletimiziň halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýynyň we ornunyň pugtalanmagyny üpjün edýär.

 Häzirki döwürde Aşgabat döwrebap we ýokary derejede enjamlaşdyrylan köp sanly sport toplumlary, stadionlary bolan iri sport merkezine öwrülýär. Sebitde deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy tamamlanyp barýar. Milli Liderimiziň hut özi bu ýerde alnyp barylýan işlere yzygiderli gözegçilik edýär we onuň ýokary derejä eýedigini tassyklaýar. Bu ýerde halkara derejesinde birnäçe synag ýaryşlary we şäherjigiň desgalary bilen tanşyp, taslamanyň göwrümine haýran galýan daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda birnäçe ähmiýetli çäreler geçirildi.

 Aşgabat giň möçberli sport baýramçylygynyň geçirilmegi bilen, diňe bir iri sport çärelerini guramakda däl, eýsem sporty ösdürmekde, dünýä çempionatlaryna we Olimpiýa oýunlaryna ýygyndy toparlary taýýarlamakda-da oňyn tejribe toplar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiziň sport ulgamyndaky syýasatynyň baş maksady sagdyn we ruhy taýdan güýçli nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek ýörelgelerini ösdürmekden ybaratdyr.

“Nesil” gazeti,

28.03.2017ý.

 

Meňzeş habarlar