Demokratik ýörelgelere esaslanýan saýlawlar

Ertir ýurdumyzyň ähli ýerinde saýlawlar başlanar.

 Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, konstitusion gurluşyny pugtalandyrmak ugrunda amala aşyrylýan işler täze ösüşlere beslenýär. Häzirki zaman özgertmeleri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden demokratik ýol-ýörelgelerinden, syýasy tejribelerinden gözbaş alýar. Parasatly ata-babalarymyzyň demokratik gymmatlyklaryna eýermek bilen, konstitusion ýörelgeler esasynda demokratik saýlawlar geçirilýär. Hukuk namalarynyň kämilleşdirilmegi, täze kanunlaryň kabul edilmegi arkaly adamlaryň hukuklaryny döwrebap derejede üpjün etmek, zähmete, eýeçilige, syýasy hukuklaryny amala aşyrmaga bolan mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Esasy Kanunymyzda syýasy köpdürlüligiň we köppartiýalylygyň ykrar edilmegi esasynda häzirki geçirilýän saýlawlara ýurdumyzda hereket edýän üç partiýanyň wekilleri, dalaşgärleri deňhukuklylyk ýörelgeleri, bäsdeşlik esasynda gatnaşýarlar. Munuň özi jemgyýetiň syýasy ulgamynyň esasy düzüm bölekleriniň döwrüň ösüşlerine laýyklykda kämilleşýändigini alamatlandyrýar, jemgyýetde milli demokratiýanyň ýaýbaňlanmagyny, syýasy partiýalaryň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga işjeň gatnaşmagyny şertlendirýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň jaýdar belleýşi ýaly, jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýa ýoly bilen ösdürmek, saýlawly ýerli wekilçilikli häkimiýet edaralarynyň welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň işiniň netijeliliginiň artmagyna ýardam berýär, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň Geňeşleriň jemgyýetçilik-syýasy ulgamdaky ornuny has-da ýokarlandyrýar. Täze döredilen partiýalaryň işiniň kämilleşdirilmegi bolsa, syýasy işjeňligi pugtalandyrýar.

Ýurdumyzda raýatlaryň demokratik hukuklaryny durmuşa geçirmeginiň mazmunynda olaryň döwlet häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga, saýlawlarda öz erk-islegini erkin beýan etmäge bolan hukugy möhüm ähmiýete eýedir. Bagtyýar raýatlaryň saýlaw ulgamyndaky syýasy hukuklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Saýlaw kodeksi esasynda kepillendirilýär. Kanunçylykda saýlawlaryň ählumumydygy, Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga gatnaşmaga hukugynyň bardygy berkidilýär. Şeýle hem saýlawlar gününe çenli ýigrimi bir ýaşy dolan we degişli çäkde ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň halk maslahatynyň we Geňeşiň agzalygyna, ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýatynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna dalaşgär hödürlenilip bilinýändigi kesgitlenýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň ýörelgelerinde raýatlaryň saýlawlara gatnaşmagynyň erkindigi we meýletindigi, saýlaw hukuklarynyň giň demokratik esasda geçirilmegi arkaly üpjün edilýändigi göz öňünde tutulýar. Kanunçylykda raýatlaryň saýlawlara gatnaşmaklary üçin döredilýän ähli zerur şertler ygtybarly hukuk binýadynyň emele gelendigini tassyklaýar. Onda berkidilen ynsanperwerlik, adalatlylyk, kanunçylyk ýörelgeleri raýatlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini ýokarlandyrmaga, saýlaw ulgamyndaky hukuklaryny we borçlaryny amala aşyrmaga giň mümkinçilikleri döredýär. Saýlaw ulgamynyň döwrebaplaşdyrylan kanunçylyk esaslary umumy ykrar edilen halkara resminamalarynyň kadalary bilen sazlaşykly utgaşýandygyny açyp görkezýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda saýlawlar, kanunçylyga laýyklykda we demokratik ýörelgeler esasynda guramaçylykly ýagdaýda geçirilýär. Munuň şeýledigine Türkmenistanyň Mejlisiniň karary esasynda şu ýylyň 25-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça saýlaw möwsüminiň çäklerinde saýlawlaryň öň ýanyndaky saýlaw çäreleriniň ähli tapgyrlarynda üstünlikli amala aşyrylan işler şaýatlyk edýär. Şeýle hem häzirki wagtda saýlaw möwsüminiň möhüm we jogapkärli tapgyrlarynyň biri hasaplanýan saýlawçylaryň öňünden ses bermegini guramak bilen bir hatarda, saýlaw güni ses bermek çäresiniň guramaçylykly geçirilmegine görülýän taýýarlyk işlerinde görmek bolýar.

Saýlawçylaryň ses bermegi ýurdumyzyň şäherlerinde, şäherçelerinde, obalarynda, harby bölümlerinde, barmasy kyn bolan ýerlerde, şypahanalarynda, ýatymlaýyn kesel bejeriş edaralarynda, şeýle-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň diplomatik wekilhanalarynyň ýanynda döredilýän saýlaw uçastoklarynda geçirilýär. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, uçastok saýlaw toparlary saýlawlaryň geçiriljek güni ses beriljek jaýyň we saýlaw gutularynyň taýýarlanylmagyna, saýlaw uçastogynda ses bermegi, şeýle hem ses berilýän jaýdan daşarda ses bermegi guramaga, saýlaw uçastogynda sesleri sanamaga we jemini jemlemäge hem-de ses bermegi guramak meselelerine degişli ýüztutmalara seredýärler.

Ses bermegi geçirmegiň düzgünlerinde saýlaw uçastogynda her bir saýlawçynyň özüniň ses bermelidigi, saýlaw býulletenini almak üçin pasportyny ýa-da şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny görkezmelidigi, saýlaw býulletenini alanda saýlawçylaryň sanawynda gol çekmelidigi baradaky kadalar berkidilýär. Şeýle hem saýlawçynyň ýüztutmasy esasynda uçastok saýlaw toparlary ses berilýän jaýa saglyk ýagdaýy sebäpli gelip bilmeýän saýlawçylaryň saýlaw güni ses berilýän jaýdan daşarda, kanunda bellenilen tertipde ses bermegini üpjün etmäge borçly edilýärler.

Saýlaw uçastogy her bir saýlawçynyň deň hukugyny, erk-islegini amala aşyrýan ýeridir. Saýlaw toparynyň her bir agzasynyň yhlasly zähmeti saýlawlaryň kanuna laýyk ýokary derejede geçirilmegi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Saýlawlaryň geçirilýän ýerinde asuda we amatly ýagdaýyň döredilmegi, döwrebap enjamlaşdyrylmagy, topar agzalarynyň sazlaşykly işlemeginiň ýola goýulmagy saýlawçylaryň hukuklaryny kepillendirmegiň şertidir.

Saýlawçylaryň doly sanynyň gatnaşmagy we olaryň saýlaw hukuklarynyň üpjün edilmegi üstünlikleriň gözbaşydyr. Saýlaw toparynyň her bir agzasynyň özüne bildirilýän talaplara şahsy jogapkärçilik duýgusy bilen çemeleşmegi, saýlawçylar babatynda sabyr-takatlylyk, saýhallylyk, sypaýyçylyk kadalaryny berjaý etmegi netijesinde gazanylýar.

Milli kanunçylygymyza laýyklykda ýaşlaryň saýlawlara işjeň gatnaşmagy, möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäreleriň ýokary guramaçylygyna hem-de ýaş raýatlaryň durmuş tejribesiniň artmagyna, syýasy-hukuk medeniýetiniň ýokarlanmagyna oňaýly täsir edýär. Türkmenistanda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň netijeli hereket etmegi, Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasynyň tassyklanylmagy onuň aýdyň mysallarydyr. Türkmenistanda ýaş raýatlaryň hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginiň konstitusion derejede üpjün edilmegi ugrunda amala aşyrylýan işler ýaşlaryň döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna doly hukukly gatnaşmagy üçin şert döredýär.

Ýaşlaryň, ýaşlar birleşikleriniň jemgyýetçilik ähmiýetli başlangyçlaryny, jemgyýetçilik-syýasy işini goldamak babatda ýaşlaryň döwlet goldawy özüniň oňyn netijelerini berýär. Ýaşlaryň döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işine gatnaşmagy işleri döwrebap derejede guramaga mümkinçilik berýär.

Möhüm syýasy-jemgyýetçilik çäre bolan saýlawlaryň demokratik esasda, milli kanunçylyga we halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirilmegi Türkmenistanyň raýatlarynyň syýasy hukuklarynyň durmuşa ornaşdyrylýandygyny, ýurdumyzyň halkara derejesinde borçlanýan demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny aýdyň tassyklaýar.

Meretguly TANGIÝEW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky

Döwlet we hukuk institutynyň uly ylmy işgäri.

“Nesil” gazeti,

24.03.2018ý.

Meňzeş habarlar