Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty üstünliklere beslenýär. Türkmenistan ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine, hemmetaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine, şol sanda özara bähbitli daşary söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar. BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň Owganystanda halkara tagallalaryny goldamak barada Rezolýusiýanyň kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Bu Rezolýusiýa Owganystanyň söwda we üstaşyr ugurlardaky sebit gatnaşyklaryna ýardam bermek çärelerini öz içine alýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Onda Türkmenistanyň ulag, energetika halkara taslamalary boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti aýratyn bellenilýär.
Diýarymyzda ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygynyň ulag ulgamynda dünýä bileleşiginiň derwaýys meseleleriniň oňyn çözülmegine özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Häzirki zaman ösüşinde bu ulgamyň ähli görnüşleri dünýä ykdysadyýetiniň durnukly ösüşinde möhüm orun eýeleýär. Batly depginler bilen ösdürilýän ulag we aragatnaşyk pudaklary Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan özgerdiji ugurlary bolup çykyş edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Ýüzlenmesinde: «Ýurdumyz ulag ulgamynda hem uly işler alyp barýar. Biziň ýurdumyz owgan halkyna kömek hökmünde iki sany täze demir ýoly Kerki — Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy demir ýollaryny gurup ulanmaga berdi» diýip belleýär. Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi hasaplanýan Türkmenistandan gözbaşyny alýan bu halkara demir ýol ugurlary goňşy ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hakyky hoşniýetli gatnaşyklaryň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Täze çekilen transmilli polat ýollary ulag-üstaşyr gatnawlarynyň möhüm halkasyna öwrülip, Aziýa sebitiniň dünýä ykdysadyýetine goşulmagyna ýardam edýär.
Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde hem-de ösdürmekde birnäçe taslamalar durmuşa ornaşdyrylýar. 2017-nji ýylyň noýabrynda paýtagtymyzda Owganystan boýunça 7-nji sebit ykdysady hyzmatdaşlyk maslahatynyň (RECCA VII) mejlisi geçirildi. Bu maslahatda Owganystan tarapynyň gatnaşmagynda iri düzüm taslamalarynyň amala aşyrylmagynyň bu ýurduň syýasy durnuklylygynyň, ykdysady hem-de durmuş taýdan galkynmagynyň, sebit we dünýä hojalyk işlerine üstünlikli goşulyşmagynyň möhüm şerti bolup durýandygy bellenildi. Aýratyn hem, TOPH gaz geçirijisiniň, gurluşygyna ähmiýet berilýändigi hem-de Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesini döretmegiň geljeginiň uludygy bellenildi.
Serhetabat — Turgundy demir ýolunyň gurluşygyna 2017-nji ýylyň 29-njy noýabrynda hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda badalga berildi. Türkmenistan bu taslamanyň amala aşyrylmagyny öz üstüne alyp, Owganystanyň çäginden geçýän demir ýoluň gurluşygyna öz serişdelerini gönükdirdi. 2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda bolsa, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de ýurdumyza gelen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani, Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasi hem-de Hindistan Respublikasynyň Daşary işler döwlet ministri Mobaşar Jawed Akbar dagynyň gatnaşmagynda Mary welaýatynyň Serhetabat etrabynda hem-de Owganystanyň Hyrat şäherinde Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň täze tapgyryna badalga berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak işi amala aşyrylyp, Serhetabat — Turgundy demir ýoly ulanylmaga berildi. Bu demir ýolunyň ulanylmaga berilmegi, Turgundy stansiýasynyň geçirijilik kuwwatynyň artdyrylmagyna mümkinçilik döredýär we deňze çykalgasy bolmadyk Owganystanyň haryt dolanyşygyny artdyrmaga şert döredýär. Owganystanyň önümlerini daşarky bazarlara çykarmaga hem-de isleg bildirýän daşary ýurt harytlaryny Owganystana getirmäge has oňaýly mümkinçilikleri açýar. Halkara bähbitli demir ýoly ýurtlaryň arasyndaky ulag düzümini giňeltmäge hem-de hyzmatdaşlara logistiki hyzmatlary hödürlemäge gönükdirilendir.
TOPH gaz geçirijisi — Türkmenistanyň energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki nobatdaky ädimi bolup durýar. Ol häzirki döwrüň ählumumy energetika howpsuzlygynyň täze keşbiniň kemala getirilmeginiň, şol sanda türkmen energiýa serişdeleriniň dünýä bazarlaryna iberilmeginiň köpugurly ulgamyny döretmegiň möhüm şertidir.
TOPH gaz geçirijisiniň ugry boýunça kuwwatlylygy 500 kilowata deň bolan elektrik geçiriji ulgamynyň çekilmegi, bu gaz geçirijiniň ähli düzümleýin desgalaryny elektrik energiýasy bilen üpjün etmekden başga-da, bu elektrik geçirijisi energiýa serişdelerini Pakistana hem-de Günorta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna Owganystanyň üsti bilen eksport etmäge mümkinçilik berer. Bu taslamalaryň amala aşyrylmagy sebitleýin ösüşiň häsiýetine we ugruna, Merkezi Aziýada hem-de serhetýaka sebitlerde umumy ýagdaýa düýpli durnuklaşdyryjy täsir etmäge ýardam berer. TOP elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşygy — ýurdumyzyň energetikasynyň hem-de onuň eksport mümkinçilikleriniň barha artýan kuwwatynyň subutnamasydyr.
Optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy üç ýurduň arasynda häzirki zaman maglumat aragatnaşyk ulgamyny ösdürmäge mümkinçilik berer. Bu maglumat aragatnaşygynyň Baku portunyň üsti bilen Hazar deňzine, soňra bolsa Ýewropa ulgamyna birikdirilmegi — Ýewropa bilen Günorta — Gündogar Aziýanyň arasynda maglumatlary alyşmagy kämilleşdirer.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan ykdysady özgertmeler halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle-de goňşy döwletleriň ykdysadyýetini we durmuş düzümini ösdürmäge mümkinçilik berýär. Türkmenistan doganlyk owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berip, goňşy ýurduň galkynmagyna ýardam edýär.
Arslan MÄMMETORAZOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet we hukuk institutynyň ylmy işgäri.
“Nesil” gazeti,
27.03.2018ý.












