Türkmenistanyň Prezidenti Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy hepdäniň ýekşenbe güni hem giň gerime eýe boldy. Şol gün şanly baýramyň hormatyna Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy toý lybasyna girdi. Bu ýere ýygnanan köp sanly myhmanlaryň arasynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VIII mejlisine, «Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylar, dünýä ýüzünden gelen atşynaslar, taryhçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Toplumyň çäklerini halk amaly-haşam sungatynyň, çeper senetçiligiň, nakgaşlygyň, heýkeltaraşlygyň ýelden ýüwrük bedewlere bagyşlanan hem-de örän baý milli mirasy, onuň dowamatlylygyny we ýurdumyzyň durmuşynda tutýan ornuny açyp görkezýän beýleki eserleriň sergisi bezedi.

Hormatly Prezidentimiz bilen Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasynyň Merkezi Aziýa sebit bölüminiň ýolbaşçysynyň arasynda bolan gürrüňdeşlik bolsa dost-doganlygyň ajaýyp miwesini eçildi. Halk döredijiliginiň köpöwüşginli sergisiniň ugry boýunça ýüzugra geçirilen söhbetdeşlikde ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi, syýahatçylygy ösdürmek, Türkmenbaşy şäherindäki täze deňiz porty barada hem gürrüň edildi.

«Biz Sizi doganlyk, güneşli, myhmansöýer Türkmenistanda görmäge hemişe şatdyrys!» diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de gürrüňdeşini türkmen topragynda täze duşuşyklara çagyrdy.

Halkara atçylyk sport toplumynyň çäginde ýurdumyzyň her bir welaýaty döredijilik mekdepleriniň, çeper elli senetkärleriň aýratynlyklary bilen tapawutlanýan sergileri gurady. Ahalteke bedewiniň gözelligini çeper beýan etmek boýunça bäsleşigiň ýeňijileriniň işleri sergide aýratyn orun eýeledi. Bularyň hemmesi 2018-nji ýylyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly şygarynyň içinden eriş-argaç bolup geçdi.

Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň baş binasynyň öňünde estrada aýdymçylary we tans toparlary, dürli halkara sirk sungaty festiwallarynyň baýraklaryna mynasyp bolan meşhur «Galkynyş» at üstündäki milli oýunlar topary çykyş etdi. Çykyşda ýaş çapyksuwarlaryň, aýratyn-da, ýetginjek atlylaryň batyrgaýlygyna haýran galmak bilen tomaşa edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk pudagynyň hünärmenlerini döwrebap usullary peýdalanmak bilen, tohumçylyk işiniň ylmy esaslaryny giňeltmäge, ýurdumyzda atly sportuň dürli görnüşlerini has-da ösdürmäge, bu ugurda halkara gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem gönükdirýär. Emma esasy zat — bu atçylygyň däpleriniň yzygiderliligini, onuň maňzyny aýawly saklamakdyr diýip, milli Liderimiz belleýär. Bu babatda döwlet Baştutanymyzyň özi mysal bolup, bedewlere bolan söýgini öz agtyklarynda kemala getirip, olara diňe at münmegi däl-de, eýsem, bedewe ideg etmek, ony ösdürmek endiklerini hem öwredýär.

At çapyşyklary — bu çapyksuwarlar üçin uly synag bolup durýar. Atly sport her bir adamdan dogumlylygy, ugurtapyjylygy, tutanýerliligi we atlara bolan çuňňur söýgini, olara düşünmek başarnygyny talap edýär.

Umumymilli söýgä eýe bolan ýüwrük bedewlerimiziň hormatyna guralan at çapyşyklary dabaranyň şowhunyny artdyrdy.

Soňra baýramçylyk ýaryşlaryny — at çapyşyklarynyň, şeýle hem hepdäniň dowamynda geçirilen uzak aralyga ýaryşyň we konkur boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Dabaranyň ahyrynda toplumyň sahna meýdançasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ajaýyp goşgusyna döredilen «Bedew» atly aýdym ilkinji gezek ýerine ýetirildi. Ol bu ýere ýygnanan müňlerçe adamlaryň — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna geçirilen giň gerimli çärelere gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylandy.

"Nesil" gazeti,

01.05.2018ý.

Meňzeş habarlar