Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdan daşary göçme mejlisini geçirdi.
Mejlisde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: «Halkara deňiz portunyň taslamasyny taryhy diýip atlandyrmak bolar, çünki onuň amala aşyrylmagy biziň ýurdumyzy özara gatnaşyklaryň täze sepgidine çykaryp, ykdysady gatnaşyklaryň halkara ulgamyna giňden goşulmaga, üstaşyr gatnawlaryň möhüm merkezi hökmünde Türkmenistanyň ornuny ýokarlandyrmaga ýardam eder» diýip belledi.
Balkan welaýatyna iş saparynyň çäklerinde geçiren göçme mejlisinde milli Liderimiz Prezident maksatnamasynyň hem-de Balkan welaýatyny ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek boýunça maksatnamanyň ýerine ýetirilişiniň, halkymyzyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meselelerine aýratyn uly ähmiýet berdi. Döwlet Baştutanymyz ilki bilen Balkan welaýatynyň häkimine söz berdi. Häkim welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, sebitiň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna nobatma-nobat söz berildi. Olar döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada gözegçilik edýän ugurlaryna degişli bolan çäklerde alyp barýan işleri barada aýtdylar.
Milli Liderimiz hasabatlary diňläp, täze tehnologiýalary yzygiderli ornaşdyrmagyň, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen tejribe, peýdaly innowasion işleri alyşmagyň möhümdigine ünsi çekip, täze deňiz portunda hem-de gaz-himiýa toplumlarynda işlemek üçin ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini nygtady. Munuň özi senagat kärhanalarynyň netijeli işlemegini üpjün etmelidir.
Milli Liderimiz häzir täze hilde gaýtadan dikeldilýän, ençeme asyrlar mundan ozal çäklerinden Beýik Ýüpek ýoly geçen Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm üstaşyr-ulag we logistika halkasy hökmünde öz tutýan ornuny yzygiderli berkidýändigini belläp, köp sanly daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda geçiriljek halkara çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylardan welaýatyň oba hojalygynda pudakda bellenilen önümçilik meýilnamalaryny ýerine ýetirmek üçin hemme zerurlyklary görmegi talap edip, agrotehniki çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmegiň wajypdygy barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz döwrüň talaplaryna laýyklykda milli medeniýeti hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerini, çeper döredijiligi ösdürmegiň, onuň işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekip, bu ugurda mundan beýläk maksada gönükdirilen çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ähli düzümleriniň tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk derejesine örän jogapkärli çemeleşmegi tabşyryp, ondaky çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde körpe nesilleriň wagtlaryny şadyýan we peýdaly geçirmekleri üçin zerur şertleriň döredilmelidigini tabşyrdy.
Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini jemläp, oňa gatnaşyjylaryň ählisine berk jan saglyk, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de halkymyzyň abadançylygynyň gowulandyrylmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.
“Nesil” gazeti,
03.05.2018ý.












