Döwrebap ösüşleriň sazlaşygy

Geçen anna güni Balkan welaýatynda iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet serhet Gullugynyň serhet birikmeleriniň biriniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Döwlet Baştutanymyzyň dikuçaryir bilen serhet birikmesiniň ýanyndaky meýdança gondy.Milli Liderimizi harby we hukukgoraýjy edaralaryň ýolbaşçylary mähirli garşyladylar. Serhet birikmesiniň dolandyryş binasyna gelen milli Liderimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmasy bilentoý bagyny kesip, serhet birikmesiniň täze toplumyny açdy we hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy. Soňra hormatly Prezidentimiz serhet birikmesiniň täze toplumynyň desgalary bilen tanyşmagy dowam edip, binanyň birinji gatynda ýerleşen esgerleriň ýatakhanasyna bardy we serhetçileriň gün tertibi hem-de olar üçin döredilen şertler bilen gyzyklandy.Toplumyň dolandyryş binasynda ata Watanymyzyň edermen goragçylarynyň birkemsiz gulluk etmegi we harby okuwlaryň geçirilmegi üçin ähli şertler döredilipdir. Hormatly Prezidentimiz bu ýerde täze aragatnaşyk serişdeleri we ýörite tehnikalar bilen üpjün edilen maglumat merkezi bilen tanyşdy. Toplumyň dolandyryş binasynda dürli çäreleri geçirmek üçin uly mümkinçilikler döredilip, serhetçileriň hyzmatynda ähli amatlyklary bolan iş otaglary, kitaphana, gulluk we durmuş maksatly beýleki otaglar bar. Toplumda serkerdeleriň we olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý ýaşamagy üçin ähli şertler döredilipdir. Täze öýlere göçüp gelenler hormatly Prezidentimize serhetçiler barada edýän bimöçber aladasy üçin hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimiz täze toplum bilen tanyşlykdan soň hemmeleri Serhetçiler güni bilen gutlady hem-de serhetçileriň ygtyýaryna gelip gowşan ýöriteleşdirilen harby-ulag tehnikasynyň açaryny sowgat hökmünde gowşurdy. Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy okuwtürgenleşik meýdançasyna geldi. Bu ýerde ilkinji gezek harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýörite maksatly bölümleriniň görkezme çykyşlary guraldy. Okuwlar tamamlanandan soň Türkmenistanyň Prezidenti ýokary söweş başarnyklary üçin esgerlere minnetdarlyk bildirdi hem-de geçirilen görkezme okuwlarynda ussatlyklaryna ýokary baha berdi. Ýörite maksatly bölümleriň harby gullukçylary Watanymyza mundane beýläk-de wepaly gulluk etjekdiklerini ynandyrdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlary şanly waka bilen ýene bir gezek tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk, öňde goýlan möhüm wezipeleri ýerine ýetirmekde uly üstünlikleri arzuw etdi. 11-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna bardy we bu ýerde işiň guralyşy bilen tanyşdy. Ondan soňra hormatly Prezidentimiz «Balkan» gämigurluşyk we gämi abatlaýyş zawodyna bardy. Kuwwaty ýylda 10 müň tonna polady işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýän zawod döwrebap tehnologiýalary hemde halkara ölçeglerine kybap gelýän awtomatlaşdyrylan ulgamlary ulanmak bilen,şol döwrüň içinde dört we ondan hem köp gämini gurmaga hem-de 20 gämini abatlamak we hyzmat etmek boýunça işleri geçirmäge ukyplydyr. Milli Liderimiz gämileriň görnüşleri we tehniki häsiýetnamalary bilen tanşyp, deňiz gatnawlarynda dürli pudaklarda bar bolan islegler bilen baglanyşykly meselelere garady. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Goranmak ministri, Döwletgümrük gullugynyň başlygy, Içeri işler ministri, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, Türkmenistanyň Prezidentiniň nebit gaz meseleleri boýunça geňeşçisi öňde goýlan tabşyryklar boýunça gurulmagy meýilleşdirilen demir ýol paromlary, yzygiderli eksport gatnawlarynyň sanyny artdyrmak üçin gury ýük gämilerine islegler, raýat goranyşy we adatdandaşary ýagdaýlar hem-de deňizde howpsuzlygy üpjün etmekde gämileriň ulanylyşy,gämileriň gümrük gözegçiligini üstünlikli amala aşyrmak üçin peýdalanylyşy barada hasabatlaryny berdiler. Milli Liderimiz Türkmenistanyň önümçilik işleriniň halkara bölünişiginiň döwrebaplaşdyrylan ulgamynagiňdengoşulyşmagynyňhem-de ýük gatnawlarynyň möçberiniň artdyrylmagynyň täze uly göwrümli ýükleri daşamaga niýetlenen täze gämileriň gurulmagyny talap edýändigini nygtady, munuň özi eksporta iberilýän harytlaryň köpelmegine kömek eder. Milli ýolagçy we söwda flotuny diňe bir daşary ýurtlardan satyn almagyň hasabyna däl-de, ýurdumyzda dürli görnüşli gämileri gurmak bilen ösdürmek zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz deňiz-derýaulaglary boýunça ýük dolanyşygynyň artmagyna, ýurdumyzyň kenarýaka ilatly nokatlarynyň arasynda yzygiderli gatnawlaryň üpjün edilmegine, şeýle hem Hazarýaka ýurtlarynyň arasynda gämili gezelençleri ösdürmäge ýardam eder diýip nygtady.Milli Liderimiz bu meseläniň üstünde durupgeçmek bilen, ýurdumyzyň ýolagçylary we halkara syýahatçylyk ugurlary üçin katamaranlary gurmagyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Beýleki gämilerden artykmaçlyklarynyň bolmagy netijesinde, häzirki wagtda katamaranlar barha uly meşhurlyga we islege eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz geçirilen söhbetdeşligiň jemlerini jemläp, ýolbaşçylaryň ünsüni ýurdumyzyň söwda flotunyň ilkinji nobatdaky meselelerine, onuň işiniň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna, ýolagçy deňizgatnawlarynyň hem-de gämigurluşygynyň ösdürilmegine, Hazarda gämili gezelençleriň guralmagyna çekdi, munuň özi sebit ara derejesinde medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem ýardam berer. Soňra milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedde portuň çägi boýunça geçip, onuň ähli desgalaryny hem-de alnyp barylýan işleri synlady. Onuň iň iri düzümleriniň biri kuwwaty ýylda ortaça 4 million tonna barabar bolan umumy ýükleriň terminalydyr. Häzirki wagtda bu ýerde polipropilen gaplaryna gaplanylan 5 müň tonna kükürt Ýewropa ibermäge, Bolgariýa ibermek üçin bolsa karbamid taýýarlanylyp goýlupdyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ekologiýa diplomatiýasyn Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde öňe sürmek bilen, halkara gatnaşyklarynyň ulgamynyň ynsanperwerleşdirilmeginiň hem-de oňa ekologiýa häsiýetiniň berilmeginiň, ahlak ýörelgeleri bilen utgaşdyrylmagynyň möhümdigine ünsi çekip, ynsan ömrüniň gymmatynyň ilkinji derejeli maksat bolup durýandygyny äşgär edýär.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna şu gezekki işsapary Türkmenistanyň bäş taraplaýyn gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn goldamak hem-de ony ösdürmegiň täzegörnüşlerini öňe sürmek bilen, Hazar deňzini parahatçylyk, howpsuzlyk we döredijilik zolagyna öwürmek üçin anyk ädimleri ädýändigini ýene bir gezek görkezdi. 

(TDH-niň maglumatlary

esasynda taýýarlanyldy).

“Nesil” gazeti,

14.08.2018ý.

Meňzeş habarlar