Türkmenistan — Azerbaýjan: DOSTLUKLY GATNAŞYKLARY ÖSDÜRMEGIŇ ÝOLY BILEN

Hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň öňdebaryjy we okgunly ösýän döwletleriniň hatarynda bolmak bilen, milli Liderimiziň baştutanlygynda ösüşiň we rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap ynamly barýar. Türkmenistanyň halkara giňişliginde alyp barýan işleri yzygiderli we toplumlaýyn esasda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna laýyklykda amala aşyrylýar. Munuň özi ýurdumyza goňşy we beýleki ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwerlik ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmäge mümkinçilik berýär.

Hormatly Prezidentimiz «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017 — 2023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» tassyklamak bilen, “Ýakyn goňşularymyz bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary ösdürmek hem Bitarap döwletimiziň daşary syýasatynyň örän möhüm ugrudyr. Sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlyk etmek, özara düşünişmek we ynanyşmak Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy gorap saklamagyň we pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýar. Sebitiň ykdysady we durmuş taýdan depginli ösüşini kesgitleýär. Dünýä hojalyk gatnaşyklaryna işjeň goşulmaga, maýa goýumlaryny giňden çekmäge mümkinçilik berýär” diýip nygtaýar.

Häzirki döwürde türkmen halky bilen taryhy we ynsanperwer umumylygy birleşdirýän milletler we döwletler bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi hil taýdan täze mazmuna eýe bolýar. Aýdylanlardan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasy bilen özara hyzmatdaşlygy döredijilikli we ynanyşmak häsiýetine eýe bolup, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasda yzygiderli ösdürilýär.

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Gatnaşyklaryň geçen taryhy döwrüniň içinde ýurtlarymyzyň arasynda döwletara gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlykda oňyn tejribe gazanyldy. Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň birek-birege amala aşyran resmi we döwlet saparlary bolsa bu gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berdi.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna ilkinji sapary 2008-nji ýylyň 19-20-nji maýynda amala aşyryldy. Bu saparyň amala aşyrylmagy iki dostlukly döwleti birleşdirýän gatnaşyklaryň dürli ugurlar boýunça ösdürilmegine gönükdirilen ylalaşyklaryň baglaşylmagyna itergi berdi. Bu bolsa öz gezeginde döwletara hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň berkidilmegine möhüm ädim boldy. Saparyň barşynda alym Arkadagymyza türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny ösdürmäge goşýan goşandy üçin Azerbaýjan Respublikasynyň iň esasy bilim ojagy bolan Bakuwyň Döwlet Uniwersitetiniň hormatly doktory ady berildi.

Öz gezeginde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti 2008-nji ýylyň 28-29-njy noýabrynda ýurdumyza jogap saparyny amala aşyrdy. Iki döwletiň ýolbaşçylarynyň gepleşikleriniň barşynda energetika, ulag, ykdysadyýet we bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek babatynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Bu bolsa döwletleriň umumy ösüş ugrunda doly möçberli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna we mundan beýläk-de ösdürilmegine özara ygrarlydygyny görkezdi.

Şeýle-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilip, iki ýurduň demir ýol we deňiz ulaglarynyň hem-de ýük gatnawlarynyň amala aşyrylmagy babatynda ylalaşyk baglaşyldy. Bu ugurda gatnaşyklaryň ösdürilmegine bolsa Türkmenbaşynyň we Bakuwyň deňiz menzilleriniň mümkinçilikleri uludyr. Bu amala aşyrylan işler ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýakyndan ýardam berýär.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewe parahatçylygy we syýasy durnuklylygy üpjün etmekde, türkmen we azerbaýjan halklarynyň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmekde, şeýle-de ikitaraplaýyn ynsanperwerlik gatnaşyklary giňeltmekde bitiren hyzmatlary üçin Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hormatly professory alymlyk derejesi berildi. Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza amala aşyran saparynyň çäklerinde Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygyň hem geçirilendigini bellemek zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiziň 2010-njy ýylyň 18-nji noýabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 12-nji iýunyndaky Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş saparlary hem örän netijeli boldy. 2010-njy ýylda Azerbaýjan Respublikasynyň paýtagty Bakuda geçen Hazarýaka döwletleriniň 3-nji sammitiniň işine gatnaşmak bilen hormatly Prezidentimiz Hazar deňziniň suw, biologik çeşmeleriniň (resurslarynyň) goralmagy we netijeli ulanmagy, Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we duýdurmak boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen döredijilikli başlangyçlaryny öňe sürdi. Biziň ýurdumyz Ýewraziýa sebitinde geosyýasy we geoykdysady taýdan ösýän merkezleriň biri bolan Hazar deňzi döwletleri bilen gatnaşyklary ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Ýurdumyz söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmagyň tarapdary bolup, Hazaryň ägirt uly tebigy, energetiki, senagat we ulag mümkinçilikleriniň peýdalanylmagynyň tarapdary bolup çykyş edýär.

2015-nji ýylda milli Liderimiz Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Birinji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna hormatly myhman hökmünde gatnaşmak maksady bilen amala aşyran sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň medeni-ynsanperwer ugrunyň ösdürilmegine ýardam berdi. Iri halkara ýaryşlarynyň ençemesini kabul eden Azerbaýjan bilen sport ulgamynda özara tejribe alyşmak babatynda tagallalar sapara aýratyn many berdi. Häzirki wagtda kuwwatly sport döwleti hökmünde ykrar edilen ýurdumyz öz gezeginde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny, şeýle-de Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny ýokary derejede geçirmek bilen bu ugurda oňyn tejribe toplandygyny görkezdi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň depginli ösdürilmegine hormatly Prezidentimiziň 2017-nji ýylyň 8-9-njy awgustynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran sapary möhüm ähmiýete eýe boldy. Ikitaraplaýyn we giňişleýin çäkde geçen gepleşikleriň barşynda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlary boýunça resminamalar baglaşyldy. Olar bolsa däp bolan dostluga esaslanýan ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklaryň hukuk binýadynyň ösýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär. Saparyň barşynda ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet bermek bilen, medeniýet, ylym, maglumat, syýahatçylyk we sport ulgamlarynda gatnaşyklaryň geriminiň giňemegi döwletleriň dostluga ýugrulan gatnaşyklarynyň täze derejä çykýanlygyndan habar berýär.

Iki dostlukly döwletleriň arasyndaky gatnaşyklar köptaraplaýyn esasda, esasan hem BMG-niň çäklerinde alnyp barylýar. Azerbaýjan Respublikasy hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýar we olara awtordaş hökmünde gatnaşýar.

Syýasy-diplomatik ulgamdan Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň esasyny köp ýyllaryň dowamynda alnyp barylýan ýakyn söwda-ykdysady gatnaşyklar düzýär. Şunuň bilen baglylykda, özara gatnaşyklaryň netijeli guraly hökmünde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işini bellemeli. Bu toparyň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar yzygiderli geçirilýär. Soňky ýyllaryň dowamynda hökümetara toparyň çäklerindäki hereketleriň işjeňleşmegi taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ygrarlydygyny görkezýär.

Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň has möhüm bölegini medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar düzýär. Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň halklary dünýä taryhyna güýçli täsirini ýetiren gadymy siwilizasiýalaryň medeni-taryhy miraslaryny saklap gelýärler. Türkmen we azerbaýjan halklary özleriniň milli özboluşlylygyny, dini ygtykatlaryny, dilini, gaýtalanmajak medeniýetini we öňki nesilleriň toplan ruhy gymmatlyklaryny saklap gelmek bilen, özleriniň şöhratly hem baý geçmişlerine buýsanmaga haklydyrlar.

Iki doganlyk halkyň öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan ýakyn arabaglanyşygy bu gün hem Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň netijeli gatnaşyklarynyň ähmiýetli şerti hökmünde ýüze çykýar.

Akmuhammet JUMAGULYÝEW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

“Nesil” gazeti,

22.11.2018ý.