Hormatly Prezidentimiz goňşy döwletler bilen netijeli, dostlukly gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtaýar. Häzirki döwürde türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary täze tapgyra çykýar. Syýasy ulgamda, ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Azerbaýjan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyny giňden goldaýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan hem, Azerbaýjan hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýar. Şu maksat bilen biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, YHG ýaly abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege kömek berýärler. Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň çäklerinde sebit we halkara ähmiýetli energetika we ulag ulgamlarynda iri taslamalar durmuşa geçirilýär.
Türkmenistan bilen Azerbaýjany asyrlaryň dowamynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. Halkara giňişliginde iki goňşy döwlet, ilki bilen, ählumumy we sebit howpsuzlygyny hem-de durnukly ösüşi gorap saklamak we pugtalandyrmak ugrunda çykyş edip, Merkezi Aziýada hem-de Hazar deňziniň sebitinde syýasy ýagdaýlaryň ösüşine oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde gatnaşyklar ösdürilýär. Azerbaýjan ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, energiýa howpsuzlygy babatda täze halkara guralyny döretmek, durnukly ulag ulgamy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek barada kabul eden Kararnamalaryny goldady we olaryň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana resmi sapary hoşniýetli goňşuçylygyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny berkitmek, birek-biregi hormatlamak, söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy giňeltmek we ösdürmek, halkara giňişliginde hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça özara gatnaşyklaryň täze derejä çykmagyna uly itergi berdi.
Ulag ulgamy türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup, bu ugurda ulag-üstaşyr we logistika düzümini döretmek we ösdürmek boýunça tagallalary birleşdirmek üçin uly mümkinçilikler açylýar. Döwlet Baştutanymyz bu barada aýtmak bilen, Ýewropa çykýan Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe (Lazurit) ulag geçelgesi boýunça gol çekilen ylalaşygy anyk mysal hökmünde getirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz degişli halkara düzümleri — TRASEKA, halkara awtomobil ulaglary birleşigi (IRU) ýaly düzümler bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýlandygyny belledi.
Kabul edilen köp sanly resminamalar Türkmenistanyň hem-de Azerbaýjanyň köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmek meýliniň uludygyna şaýatlyk edýär.
Gahryman Arkadagymyz Hazar deňziniň parahatçylygyň we hoşniýetli goňşuçylygyň deňzidigini nygtap, Hazarda hyzmatdaşlyk etmek baradaky meselelere-de üns berdi. Gepleşiklerde söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda oba hojalygy, gurluşyk, senagat, täze tehnologiýalar ýaly geljegi uly pudaklarda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleriniň giň toparyna seredildi. Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda ulag ulgamy, energetika ugry görkezildi.
Abdylla GÖKLEŇOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
“Nesil” gazeti,
24.11.2018ý.