Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen ruhuna, milli dessurlaryna siňip, ýaşaýşynyň esasy bölegine öwrülen buýsançly bedewlerimiziň täze derejä göterilen ykbaly ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. Dynç güni milli Liderimiziň goja Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Halkara atçylyk toplumyna baryp, ahalteke bedewine atlanmagy we döredijilik işi bilen meşgullanmagy ähli ýaşlary buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen bedewlerine aýratyn ähmiýet bermegi we ajaýyp eserleri döretmegi merdana milletimiziň milli mertebesini beýige göterip, abraýyny artdyrýar.
Milli Liderimiziň oňyn maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipelerde milli medeniýetimizi we sungatymyzy düýpli ösdürmek, onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak strategiýasynyň möhüm orun eýeleýändigini bellemek ýerliklidir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Medeniýet, ýaş nesli milletiň gadymy ruhy däp-dessurlarynda terbiýelemek döwlet işiniň strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar» diýip bellemegi ýurdumyzda bu ulgamyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini aýdyň görkezýär. Döwlet tarapyndan medeni ojaklaryň ençemesiniň bina edilmegi, täze aýdym-saz toparlarynyň döredilmegi, medeniýet we sungat ussatlaryna Döwlet sylaglarynyň berilmegi döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri bilen birlikde tutuş ýaşlaryň ykbalyna hem täsirini ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz tarapyndan dünýäde meşhur türkmen atlaryna berilýän uly ähmiýet, olary halkara derejesinde wagyz etmek, atçylyk sportuny düýpli ösdürmek boýunça durmuşa ornaşdyrylýan tutumly işleriň geriminiň artmagynyň netijesinde milli mertebämiz hem barha ýokarlanýar. Dünýäniň medeni gaznasyna özüniň milli buýsanjyny goşan halk hökmünde ahalteke tohumly atlary ösdürip ýetişdirýän, seýisçilik sungatyny kämilleşdirýän milletimiz öz behişdi bedewleri bilen sungatyň belent derejelerine çykdy. Türkmen bedewiniň milli baýram hökmünde dabaraly bellenilip geçilýändigi, ussat çapyksuwarlaryň ýelden ýyndam bedewlerimiz bilen dürli halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edýändikleri, eziz Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap aýlawlary gurýandygy, hormatly Prezidentimiziň ýygy-ýygydan gamyşgulak bedewlerimize atlanmagy ýurt möçberinde atçylyga berilýän ünsüň ýokarydygyny görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň bedewlerimiz barada bu ugurda döreden «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» ýaly kitaplarynyň özi hem bahasyz gymmatlykdyr. Şahyrana ýürekli milli Liderimiziň «Bedew» atly ajaýyp goşgusynyň özi hem şygryýet sungatynyň şuglaly eseridir. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sirk sungatyny ösdürmeklige örän uly üns berýändigi hem ahalteke atlarymyz bilen bagly işleri dabaralandyrmakda oňyn netijelerini görkezýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar hem-de Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň «Türkmen jigitleri» toparynyň daşary medeni-syýasat ugry boýunça ýurdumyzyň milli mertebesini artdyrýandygyny buýsanç bilen bellärliklidir. Çünki bu topar Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Pygy Baýramdurdyýewiň ýolbaşçylyk etmeginde dünýäniň dürli döwletlerinde bolup, abraýly çykyşlary bilen Döwlet baýdagymyzy belende göterýärler. Bu toparyň Russiýa Federasiýasynyň Moskwa, SanktPeterburg şäherlerinde, Italiýa döwletiniň Latina şäherinde, Hytaý Halk Respublikasynyň Guandun welaýatynyň Çžuhaý şäherinde, Gyrgyz Respublikasynyň Çolpan-ata şäherinde geçirilen halkara sirk sungatynyň festiwallarynda baş baýraklara mynasyp bolup gelmekleri guwanç bilen bellenilse maksadalaýykdyr. Bu üstünlikler üçin Gahryman Arkadagymyz türkmen atlylar toparyna ýokary ähmiýet berýär we olaryň täze döredijilik başlangyçlaryna ýol açýar. Noýabr aýynyň ilkinji gününde hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezini gurmagyň taslamalary bilen tanyşlygynda gadymy döwürlerden bäri halkymyzyň buýsanjyna öwrülen we dünýä meşhur bolan ahalteke atlarynyň ösüp-örňän mekanynda ynsan gylykly bedewler üçin binalaryň meýilleşdirmegi ähli ýaşlaryň guwanjyny goşalandyrdy. Ýeri gelende bellesek, Ahal welaýatynyň dolandyryş merkezinde türgenleşik meýdançalary, manežleri we athanalary bolan Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebini, atçylyk ylmy-önümçilik merkezini gurmak maksat edinilýär. Bu desgalar golaýda ýerleşen Halkara atçylyk sport toplumy bilen bilelikde tutuş ulgamy emele getirer, bu bolsa, pudagy täze, dünýä derejesine çykarmaga mümkinçilik berer. Paýtagtymyz Aşgabatda 6-7-nji dekabrda ÝUNESKO-nyň ugry boýunça geçiriljek «Beýik Ýüpek ýolunyň ähmiýeti: häzirki we geljekki ösüşi» atly halkara maslahatynda Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek sungatyny hem goşmak babatda degişli işleriň geçirilmegi bedewlerimize dünýäniň ünsüniň gaýtadan gönügendigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň milli mertebesi bilen bagly bolan şu joşgunly we ähmiýetli wakalar bolsa hiç wagt hakydalardan çykmaz. Çünki bu işleriň, rowaçlyklaryň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzy dabaralandyrmak hakyndaky uly aladalary bar. Nesillerde türkmen bedewine bolan söýgini döretmekde, sungat we sport bilen meşgullanmakda uly mümkinçilikleridir giň şertleri döredip berýän milli Liderimiziň bu beýik işleri geljegiň uzak ýyllaryna hyzmat eder.
Ysmaýyl MUHAMMETDURDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby, «Aşgabat» teleýaýlymynyň gepleşiklerini gurnaýjysy we taýýarlaýjysy.
“Nesil” gazeti,
04.12.2018ý.