Hyzmatdaşlyk durnukly ösüşiň esasydyr

6-njy dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň resmi däl duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýa Federasiýasynda iş saparynda boldy. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik we oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanan daşary syýasy ugry durmuşa geçirmek bilen özüniň dostlary we hyzmatdaşlary üçin hemişe açykdyr. Häzirki zaman şertlerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy özara bähbitlere laýyk gelýän deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de giňeltmek üçin netijeli meýdança bolup durýar. Şol gün ol ýerde Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşyk Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň başlyklygynda Belarusuň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň, Ermenistanyň Premýer-ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Nikola Paşinýanyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň gatnaşmagynda geçirildi. Şeýle hem giňişleýin düzümdäki mejlisde ÝewrAzES-niň ýanynda synçy ýurduň Baştutany hökmünde Moldowanyň Prezidenti Igor Dodon boldy. Ýokary Ýewraziýa ykdysady geňeşi — bu Ýewraziýa ykdysady birleşiginiň ýokary edarasydyr, ony döretmek barada 2014-nji ýylda gol çekildi. Birleşigiň esasy maksatlary agza döwletleriň ilatynyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmagyň bähbidine şol ýurtlaryň ykdysadyýetiniň durnukly ösmegine, harytlaryň, hyzmatlaryň, düýpli maýalaryň we zähmet serişdeleriniň bitewi bazarynyň kemala gelmegine ýardam bermekden ybaratdyr. Duşuşygyň gün tertibine ulgamlaýyn tehnologiýalary ösdürmek, sanly ykdysadyýeti, gazyň, nebitiň we nebit önümleriniň umumy bazarlaryny kadalaşdyrmak we beýleki meseleler girizildi. Resmi däl ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda döwletleriň ýolbaşçylary özara gatnaşyklaryň esasy ugurlary, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara häsiýetli meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar. GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň gün tertibinde köp ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda döwletara derejesindäki ylalaşyklary durmuşa geçirmäge degişli meseleleriň ençemesi durýar. Diňe soňky iki ýylyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, Gazagystan, Täjigistan, Azerbaýjan, Özbegistan, Gyrgyz Respublikasy bilen strategiki hyzmatdaşlyk hakyndaky ylalaşyklara gol çekildi. Bulardan başga-da, dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn resminamalaryň onlarçasyna gol çekildi. Ýakyn we uzak geljegi nazara almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda döwlet Baştutanlary şu gezekki resmi däl sammitiň mundan beýläk-de tagallalary birleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalaryň we maksatnamalaryň başyny başlamak üçin badalga nokady boljakdygyna biragyzdan ynam bildirdiler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal hem ençeme gezek belleýşi ýaly, Türkmenistan GDA agza döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, bu ulgamda hereket etmegiň orta möhletli maksatnamasynyň esasynda köptaraply yzygiderli syýasy geňeşmeleriň netijeli gurallaryny döretmek arkaly syýasy-diplomatik gatnaşyklary pugtalandyrmagy wajyp hasaplaýar. Döwlet Baştutanymyz GDA-nyň halkara düzümleri bilen hyzmatdaşlygy ulgamynda BMG, onuň ýöriteleşdirilen agentlikleri we edaralary bilen gatnaşyklara, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyga aýratyn orun berýär. Ýurdumyz Arkalaşygyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, häzirki döwrüň ählumumy we sebit işlerine oňyn täsirini artdyrmak ugrunda çykyş edýär. Söwda-ykdysady ulgamda Türkmenistanyň tagallalary bilelikdäki işe täze çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga, hyzmatdaşlygyň geljegi uly usullaryny gözlemäge, köptaraply gatnaşyklaryň anyk ulgamlaryny kesgitlemäge gönükdirilendir. GDA-da 2019-njy ýylyň Kitap ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, ýaş nesli çeper edebiýata çekmäge, kitap sergilerini guramaga gönükdirilen medeni — aň-bilim çärelerini geçirmäge bagyşlanan işleri amala aşyrmaga aýratyn üns berler. Milli Liderimiziň bellemegine görä, medeni hyzmatdaşlyk halklaryň ýakynlaşmagynyň hem-de olaryň arasyndaky özara hormatyň netijeli usuly bolup durýar. Munuň özi Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň işiniň esasy ugurlarynyň biri bolar. Döwlet Baştutanymyz sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselelerine hem aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2020-nji ýyla çenli döwür üçin GDA-da sportuň milli görnüşlerini goldamak we ösdürmek maksatnamasyny durmuşa geçirmäge üns berer. ...GDA agza ýurtlaryň Liderleri «Leningrad Merkezinden» bütin dünýäde meşhur «Mariinskiý teatryna» ugradylar. Şu ýyl teatryň döredilmeginiň 235 ýyllygy bellenildi. Döwlet Baştutanlary P.I.Çaýkowskiniň «Şelkunçik» atly baletine tomaşa etdiler. Iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Sankt-Peterburgdan Watanymyza geldi.

“Nesil” gazeti,

08.12.2018ý.