Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetiň esasy pudaklaryny senagatlaşdyrmak we bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ylmyň kuwwatyny, ýokary tehnologiýalar ulgamynyň, ýurdumyzyň ösüşiniň innowasion görnüşini, halkymyzyň durmuş derejesini artdyrmak barada alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlary hemişe üns merkezinde durýar.
26-njy maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine seredildi. Olaryň hatarynda bank-maliýe we ykdysady toplumyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýangyç-energetika toplumynda, gurluşykda, energetikada, söwda toplumynda, ulag ulgamynda, oba hojalygynda we beýleki pudaklarda işleriň ýagdaýy bilen bagly meseleler boldy.
Mejlisiň barşynda döwlet Baştutanymyz ykdysadyýetiň pudaklarynda dolandyryş we düzümleýin özgertmeleri geçirmek baradaky teklipleri seljermek boýunça pudagara topary döretmek hakynda Karara gol çekdi. Toparyň esasy wezipesi halk hojalyk toplumynyň dürli pudaklarynyň işini kämilleşdirmek boýunça degişli kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny taýýarlamak bolup durýar.
23-24-nji maýda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Türkmenistanyň VIII halkara Gaz kongresi we bu çärä bagyşlanan halkara serginiň işiniň jemleri barada hasabat diňlenildi. Bellenilişi ýaly, foruma 300-den gowrak wekil, şol sanda birnäçe ministrlikleriň, pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, abraýly halkara guramalaryň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, dünýäniň 37 döwletinden nebitgaz kompaniýalarynyň 100-den gowragynyň wekilleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşdy.
Kongresde häzirki döwürde dünýäniň gaz senagatynyň ösüşi, ýurdumyzyň tebigy gazyny dünýä bazarlaryna köpugurly esasda ugratmak, Türkmenistanyň gazy gaýtadan işleýän pudagyna maýa goýumlary gönükdirmegiň geljekki ugurlary ýaly, möhüm meseleler giňden beýan edildi. Gaz pudagyndaky täze tehnologiýalara, ylmy-tehniki işläp taýýarlamalara aýratyn üns berildi. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna aýratyn mejlis bagyşlandy.
Forumyň işiniň çäklerinde ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly işewürler bilen geçiren duşuşyklarda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimiziň birnäçe ugurlary üçin zerur ýokary hünärli işgärleri taýýarlamagyň aýratyn wajypdygyny belläp, “Daşary ýurt döwletlerinde berlen ýokary we ýörite orta hünär bilim hakyndaky resminamalary Türkmenistanda ykrar etmegiň tertibini tassyklamak hakyndaky” Karara gol çekdi.
Hökümet mejlisiniň barşynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, şeýle hem täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň, şol sanda korrupsiýa we parahorluga garşy göreşmek boýunça işlenip taýýarlanylýan ýörite döwlet maksatnamasynyň many-mazmunyny ilatymyza düşündirmek boýunça parlamentiň alyp barýan işleriniň wajypdygyny belledi.
Paýtagtymyzda geçirilen “Halal zähmet — bagtyýar durmuş” atly maslahat şol düýpli gürrüňiň dowamyna öwrüldi. Oňa Mejlisiň Başlygy, hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalaryň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Özygtyýarly Watanymyzyň ykdysady kuwwaty, jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň sazlaşygy azyk bolçulygyny, asudalygy, abadançylygy gazanmagyň, ýurdumyzyň ähli raýatlary üçin öz zähmetiniň miwelerinden we durmuş eşretlerinden peýdalanmagyň birmeňzeş mümkinçiliklerini üpjün etmegiň wajyp kepili bolup çykyş edýär. Şu günler bu ugurda wagyz-nesihat, düşündiriş işlerini giňeltmäge uly ähmiýet berilýär. Parahorluga baş goşan adamlaryň günäsini geçmegi aýyrmak hakynda degişli kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri girizmek göz öňünde tutulýar. Ýaşlaryň zähmet çekmegi bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kanunlara gaýtadan seretmegiň, döwlet Baştutanymyzyň teklibi boýunça orta mekdepleriň okuw maksatnamalaryna edep-ekram, hukuk bilen baglanyşykly täze dersleri girizmegiň möhümdigi aýratyn bellenilýär.
Ýurdumyzyň hökümetiniň nobatdaky mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
“Nesil” gazeti,
30.05.2017ý.












