2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda Halkara zenanlar güni mynasybetli talyp gyzlaryň arasynda “Talyp gözeli–2023” atly gözellik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda oňa gatnaşanlar özleriniň iş başarjaňlygyny, ugurtapyjylygyny, ruhubelentligini, buýsançlylygyny, keşp hem-de edep gözelligini, halkymyzyň milli däp-dessurlaryny bilişini, durmuşa taýýarlygyny, medeniýetini, edep-ekramlylygyny görkezdiler. Gözellik bäsleşiginiň ýeňijilerine, işjeň gatnaşan talyp gyzlara Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşi
GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK
23 Fewral 2023
6411
Meňzeş habarlar
07 Noýabr 2025
| 39 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR
03 Noýabr 2025
| 92 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI
03 Noýabr 2025
| 119 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>












