Makroykdysady görkezijiler ýokarlanýar

Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet pul-karz syýasatynyň möhüm meselelerine hem-de bu ulgamda ýakyn geljek üçin gaýragoýulmasyz wezipelere garaldy.

 22-nji iýunda hormatly Prezidentimiz bank ulgamy boýunça wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň barşynda maliýe-bank ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatlar diňlenildi. Häzirki döwürde biziň banklarymyz ykdysadyýetimiziň depginli ösmegini ýeterlik pul serişdeleri bilen üpjün edýär we bu serişdeleriň dürli pudaklarda rejeli dolanyşygyna ýardam berýär.

 Bu ulgamyň edaralary iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň örän möhüm çeşmesi bolup durýar, şeýle hem häzirki döwürde paýtagtymyzy hem-de obalarymyzy we şäherlerimizi abadanlaşdyrmak boýunça amala aşyrylýan köp sanly taslamalary maliýeleşdirýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

 Milli Liderimiz häzirki wagtda durmuşa geçirilýän, ilkinji nobatda, bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň şertlerinde bazar ýörelgeleriniň hem-de döwlet kadalaşdyrylyşynyň sazlaşykly utgaşdyrylmagyny göz öňünde tutýan bäsdeşlige ukyply ykdysadyýetiň milli nusgasynyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösmegini üpjün edýändigini belledi. Şunda pul-karz, maliýe we salgyt-býujet ulgamlaryny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreler hem möhüm ähmiýete eýe bolýar.

 Türkmenistanyň pul-karz syýasatynyň strategiki maksady ykdysady ösüşi hem-de halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyny üpjün edýän durnukly pul dolanyşygyny üpjün etmekden ybaratdyr. Munuň özi puluň hümmetsizlenmegini pes derejede saklamak we netijeli pul syýasatyny geçirmek bilen birlikde, pul binýadynyň düzüminiň kämilleşdirilmegini, gymmatly kagyzlaryň we ätiýaçlandyryş bazarynyň ösdürilmegi hem-de nagt däl tölegler ulgamlarynyň işjeň ornaşdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

 Soňky ýyllarda ýurdumyzda manadyň satyn alyş ukybynyň durnuklylygy üpjün edildi, karz serişdeleriniň möçberleri yzygiderli artdyrylýar, bank aktiwleriniň elýeterliligi saklanýar, ykdysadyýetiň anyk ulgamlaryny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny maliýe taýdan goldamak ugry dowam etdirilýär. Düýpli çäreleriň görülmegi netijesinde ençeme ýyllaryň dowamynda esasy makroykdysady görkezijiler ýokarlanýar. Pul ulgamynda özgertmeleriň çäklerinde amala aşyrylan çäreler milli pula ynamy artdyrdy.

 Munuň şeýledigini abraýly maliýe düzümleri ençeme gezek bellediler diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi we Halkara pul gaznasynyň hünärmenleriniň beren bahasyny aýdyň mysal hökmünde görkezdi.

 Geljekde pul-karz syýasatynyň maksatnamalaýyn ugurlary, onuň möhüm gurallary netijeli ykdysady strategiýany durmuşa geçirmek üçin has amatly şertleri döredýän ugurlarda hem-de derejelerde kemala getirilmelidir. Häzirki döwürde Türkmenistanyň öňünde bu strategiki möhüm ulgamda düýpli we yzygiderli özgertmeleri amala aşyrmak wezipesi durýar diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Makroykdysady deňagramlylyk köp babatda manadyň hümmetiniň we bahalaryň emele getirilmeginiň durnuklylygyny kadalaşdyrýan ýurdumyzyň bank ulgamynyň netijeliligi bilen kesgitlenilýär. Bu ulgamy ösdürmegiň maksatlary hem-de wezipeleri pul-karz konsepsiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar we degişlilikde, ykdysady ösüşiň okgunly depginini üpjün etmegiň we şunuň esasynda halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmagyň zerurdygy bilen kesgitlenilýär diýip, milli Liderimiz belledi.

 Türkmenistan özüniň ykdysadyýetiniň netijeli nusgasyny döretmek bilen, milli bähbitleriň goralmagyny esasy wezipe hökmünde kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň mundan beýläk-de okgunly ösmeginde bank ulgamynyň tutýan ornunyň wajypdygy barada aýdyp, öňde durýan işleriň ileri tutulýan ugurlaryna maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Halk hojalyk toplumynyň artýan isleglerine laýyklykda, bank ulgamynyň kuwwatyny artdyrmak we kämilleşdirmek strategiki wezipeleriň hatarynda görkezildi.

 «Bazar gatnaşyklary şertlerinde pul ulgamyny berkitmek esasy wezipeleriň biridir» diýip, milli Liderimiz nygtady. Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň özygtyýarlylygynyň nyşanlarynyň biri bolan milli manadymyz indi uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzda durnukly ösüşi gazanmagyň berk maliýe guralydyr. Milli manadymyz mähriban halkymyzyň hal-ýagdaýyny gyşarnyksyz ýokarlandyrmagyň örän möhüm çeşmesidir.

“Nesil” gazeti,

24.06.2017ý.

Meňzeş habarlar