Aşgabat — ýaşlygyň, gözelligiň hem sagdynlygyň şäheri

Hormatly Prezidentimiziň ýaňy-ýakynda paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş sapary toplumlaýyn ösdürilýän şäherimizi syýasy, ykdysady taýdan güýçlendirip, medeni durmuşyň, sportuň we syýahatçylygyň iri merkezine öwürmek baradaky wezipäni öňde goýdy.

 Aşgabady abadanlaşdyrmak, onuň keşbini özgertmek, sport desgalaryny bina etmek hem-de iň myhmansöýer gurşawy döretmek boýunça işler Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň barşynda görlüp-eşidilmedik gerime eýe boldy. Bu oýunlaryň geçirilmegi uly derejeli ähmiýete, dünýäniň uly böleginiň iri ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülip, ýurduň özi üçin kesgitlän maksatlaryna eýe bolan türkmen paýtagtynyň taryhynda uly taslama bolsa-da, örän öňe gidýär.

 Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň howandarlygynda Aşgabatda giňden ýaýbaňlandyrylan işler uzakmöhletleýin geljege eýedir. Munuň özi awtomobil akymlaryny has gowulandyrmaga, bir ýerden beýleki bir ýere barmagyň wagtyny azaltmaga, ýollardaky dykynlardan dynmaga, degişlilikde bolsa howanyň arassalygyny gowulandyrmaga mümkinçilik beren tutuş ýol-ulag ulgamynyň düýpli abatlanylmagyna hem degişlidir.

 Paýtagtymyzda amala aşyrylan ýene-de bir möhüm düzümleýin taslama onuň energiýa üpjünçiliginiň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi, bu bolsa gün-günden ösýän paýtagtymyzyň dolandyrylyşyny guramaga milli Liderimiz tarapyndan bildirilýän esasy talaplaryň biridir. ªunuň bilen bir hatarda, şäher howadaky geçirijileriň köplüginden dyndy, olary has howpsuz bolan ýerasty inženerçilik aragatnaşyk ulgamlary bilen çalşyrdylar. Bu bolsa paýtagtymyzyň “ýüzüni” açyp, onuň binagärliginiň, bag-seýilgäh gözelliginiň hem-de şäheriň günorta böleginde dag tebigatynyň owadanlygyny erkin synlamaga mümkinçilik berdi.

 Şeýlelik bilen şäheri ösdürmegiň oýlanyşykly maksatnamasy tapgyrlaýyn amala aşyrylýar. Aşgabat Watanymyzyň paýtagty hökmünde döwletimiziň ykdysady ýagdaýyny, jemgyýetiň medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesini, aň-paýhas mümkinçiligini, täze döwrüň — Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň bolup geçýän ähli özgertmeleri babatda esasy durmuş ýörelgelerini şöhlelendirip, köp babatda tutuş ýurdumyzyň abraýyny kesgitleýär.

 Hemişe gülleýän Aşgabady bag-bakjaly şäher diýip hem adalatly atlandyrýarlar, onuň giň gözýetimini köp sanly tämiz seýilgähler, suw çüwdürimleriniň toplumy emele getirýär. Paýtagtymyzyň ilaty ýyl-ýyldan artýar, ol işjeň häsiýetde gurnalyp abadanlaşdyrylýan täze ýerler bilen giňeýär.

 Biziň borjumyz adamlar üçin iň owadan we arassa, oňaýly we amatly şäher hökmünde onuň abraýyny saklamakdan, paýtagtymyzy çagalarymyzyň, agtyklarymyzyň we çowluklarymyzyň gymmatlygyna öwrüp, onuň gözelligini artdyrmakdan ybaratdyr diýip hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy boýunça ak mermerli paýtagtymyzyň hormatyna şäheriň Güni hem döredildi.

 Döwlet Baştutanymyz innowasion tehnologiýalaryň, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlarynyň we bu ulgamda iň gowy dünýä tejribesiniň işjeň ornaşdyrylmagyny Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugry hökmünde kesgitledi. Paýtagtymyzda Olimpiýa şäherjiginiň gurulmagy ýurdumyzyň täze belentliklere hem-de dünýä derejesindäki üstünliklere tarap ymtylmasynyň nyşany boldy. Bu ýerde sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary geçiriler.

 Bu ägirt uly sport baýramçylygyna onlarça ýurtdan müňlerçe myhmanlar — sport wekiliýetleri, janköýerler, žurnalistler, syýahatçylar ýurdumyza geler. Biz olara paýtagtymyzy iň gowy görnüşde görkezmelidiris. Şu maksatlar bilen döwlet Baştutanymyz myhmanlar üçin dikuçarda tanyşlyk gezelençlerini guramak barada tabşyryklary berdi. Olar uçuş belentliginden şähergurluşyk özgertmeleriniň ähli gerimini görüp we olara baha berip biler.

 Dowamlylyk we yzygiderlilik, aýgytlylyk we täzeçillik, halkymyzyň, her bir raýatyň abadançylygy barada hemmetaraplaýyn alada etmek häzirki wagtda ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan özgertmeleriň esasy tapawutly aýratynlyklarydyr. Bularyň ählisi-de Aşgabadyň keşbinde aýnada gören ýaly şöhlelenýär.

 Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzy has-da ösdürmegiň ugurlaryny kesgitläp, adamlar, şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary üçin iň oňaýly şertler döredilen Aşgabadyň gök baglyklara bürenen, innowasion şäher hökmünde ösmelidigini nygtaýar.

“Nesil” gazeti,

29.06.2017ý.

Meňzeş habarlar