BILIM — ÖSÜŞIŇ BINÝADY

Agzybir halkymyzyň döwletli bosagasyndan ätleýän tylla güýzüň ilkinji güni bize iň buýsançly, şatlykly baýramy 1-nji sentýabr — Bilimler we talyp ýaşlar gününi alyp geldi. Bilimler adamzat taryhynda täze dünýälere, täze ösüşlere giň ýol açýar. Bilim — paýhasly pederlerimiziň geljek nesillere galdyran iň gymmatly mirasydyr. Bilim hemme döwürlerde-de millilik edebimiziň aýrylmaz bölegi, durmuşyň talaby bolup, nesilleriň kalbynda orun alandyr. Milli Liderimiziň yglan eden Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda halkymyzyň bu asylly ýörelgesi bagtyýarlyk döwrümize mynasyp şugla salýar.

 Döwletimiziň ýaş nesiller baradaky ýadawsyz aladalaryny alamatlandyrýan täze multimedia mekdepleri, altyn gupba ýaly çagalar baglary bagtyýar körpeleri mähir-muhabbet bilen garşy alýar. Ak mekdepleriň altyn bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän alty ýaşly naşyja körpelere mähriban Arkadagymyzyň adyndan döwrebap noutbuk kompýuterleri gowşurylýar. Döwür bilen deň gadam urýan, täze ösüşlere ak ýol açýan bilimlere özboluşly ugrukdyrma bolan bu kompýuterler körpejeleriň aňyny has-da ösdürýän, gözýetimini giňeldýän döwrebap maksatnama üpjünçiligi bilen tapawutlanýar. Körpejelere sowat öwretmekde ýokary amatlyklary elýeterli edýän noutbuklar döwrebap bilim almagyň altyn açaryna öwrülýär.

 Döwletimiziň ýaş nesiller baradaky ýadawsyz aladalaryny alamatlandyrýan täze multimedia mekdepleri, altyn gupba ýaly çagalar baglary bagtyýar körpeleri mähir-muhabbet bilen garşy alýar. Ak mekdepleriň altyn bosagasyndan ilkinji gezek ätleýän alty ýaşly naşyja körpelere mähriban Arkadagymyzyň adyndan döwrebap noutbuk kompýuterleri gowşurylýar. Döwür bilen deň gadam urýan, täze ösüşlere ak ýol açýan bilimlere özboluşly ugrukdyrma bolan bu kompýuterler körpejeleriň aňyny has-da ösdürýän, gözýetimini giňeldýän döwrebap maksatnama üpjünçiligi bilen tapawutlanýar. Körpejelere sowat öwretmekde ýokary amatlyklary elýeterli edýän noutbuklar döwrebap bilim almagyň altyn açaryna öwrülýär.

 Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Türkmenistan Watanymyz bütindünýä gatnaşyklaryna batyrgaý ädimler bilen ynamly aralaşýar. Munuň özi milletiň taryhy ýoluny, hemmetaraplaýyn özbaşdaklygyny has-da pugtalandyrmagyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Bu zerurlyk halkymyzyň, ilki bilen, paýhas goruny toplamak hem yzygiderli baýlaşdyrmak meselesinde ähli aýdyňlygy bilen örboýuna galýar. Munuň hem özüne ýetik sebäbi bar, çünki alymlar ösüşleriň badyny gün geldigiçe tizleşdirýän, halkara durmuşynyň meýillerini we kadalaryny demsaýyn üýtgedýän üçünji müňýyllygy maglumatlaryň hem ýokary tehnologiýalaryň asyry diýip atlandyrýarlar. Dünýä bazarynda bolup geçýän wakalar häzirki döwürde paýhas önümleriniň öndürilen hem satuwa çykarylan maddy harytlaryň ornuny kem-kemden diýseň dogumly tutýandygyny ýüze çykarýar.

 Bu ýörelgeden ugur almak bilen durmuşa geçirilýän işler halkymyzda gyzgyn goldaw tapýar. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň açylmagy bu ugurda edilen möhüm ädimleriň biridir. Milli Liderimiziň hemişe belleýşi ýaly, tehnologiýalary diňe bir öwrenmek, satyn almak, netijeli özleşdirmek bilen çäklenmän, türkmen alymlary innowasiýalary özbaşdak döretmäge, yzygiderli kämilleşdirmäge hem-de dünýä bazarlaryna çykarmaga ymtylmalydyrlar. Döwrebap derejede enjamlaşdyrylan Tehnologiýalar merkezi eýýäm tiz wagtda öz saýlap alan ugry boýunça ähli yhlasyny hem ömrüni siňdirýän, milli ylmyň at-abraýyny has-da ýokary götermek üçin gijesini gündiz edip işlemäge taýýar türkmen alymlarynyň kämil nesliniň kemala gelýän mekanyna öwrüler.

 Binýady berkararlykdan tutulan Garaşsyz Türkmenistanda häzirki günlerde milli bilim ulgamyny ösdürmek ugrunda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Şol işlere ser salanyňda, ata Watanymyzyň bilimler hem öňdebaryjy ylymlar mekany hökmündäki taryhy şöhratynyň gaýtadan dikeldilýändigine buýsanjyň belende göterilýär. Milli bilim ulgamynda düýpli gurluş özgertmeleri amala aşyrylýar, okuw-terbiýeçilik işiniň many-mazmuny gönüden-göni döwrüň bildirýän talaplaryna, durmuşyň öňe sürýän hajatlaryna doly kybaplaşdyrylýar.

 Köňül buýsanjyňy çugdamlandyrýan wakalaryň hatarynda ýurdumyzda ýaşlaryň daşary ýurt bilim-sowadynyň kämil derejede ýola goýulmagyna aýratyn üns-aladanyň siňdirilýänligidir. Daşary ýurt dillerini oňat bilýän adama durmuşda üstünlikleri gazanmakda täze mümkinçilikler açylýar. Dil sowady saňa dünýäniň saýlama ýazyjy-şahyrlarynyň, meşhur daşary ýurt alymlarynyň kitaplaryny öz asyl nusgasynda okamaga kömek edýär. Ýurdumyzyň ýokary hünär okuw mekdepleriniň arasynda Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ruhubelent türkmen talyplarynyň iňlis we ýapon dillerinde okap bilim almaklary göz öňünde tutulandyr.

 Gursagy hyjuwly, kalby höwesli türkmen ýaşlarynyň döwrebap bilim almaga bolan islegleri bu günki günde doly hasyl bolýar. Kuwwatly döwletimiz ýaşlaryň ukyp-başarnygynyň doly açylmagy üçin ähli zerur şertleri döredýär. Durmuşa geçirilýän beýik işlerde türkmen ýaşlary özüniň gazanýan buýsançly üstünlikleri bilen halkymyzy guwandyrýar.

 Döwletimiz tarapyndan ýaşlaryň bilimlere teşneligini goldamak, ýokary hilli bilim berýän hünär ugurlaryny köpeltmek, täze orta, ýörite orta we ýokary okuw mekdepleri açmak, milli bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilýänligine şaýatlyk edýär. Türkmen ýaşlary bu ugurda döredilýän şertleri, bitirilýän ilhalar işleri özlerine bildirilýän belent ynam diýip kabul edýärler. Bagtyýar geljegimiziň umyt gunçalary baradaky ýadawsyz aladalaryňyz üçin tutuş halkymyz Size çäksiz alkyş aýdýar, eziz Arkadagymyz! Janyňyz sag, başyňyz dik, ömrüňiz uzak bolsun!

“Nesil” gazeti,

05.09.2017ý.

Meňzeş habarlar