Dünýäni çoýýan türkmen alawy

Hepdäniň penşenbe güni hormatly Prezidentimiziň Aşgabat — Mary teleköpri arkaly badalga bermeginde «Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawy ýakyldy.

 Pähimdar pederlerimiziň mukaddes maşgala ojagyny kerem-keramat saýmagynyň baý many-mazmuny bar. Şol halal ojaklarda ýakylan oduň gyzgyn mährine çoýunyp kemala gelen perzentleriň durmuş ýol-ýörelgesi agzybirlikden, özara sylag-sarpadan gözbaş alýar-da, şaýollara sapyp, dowamat-dowam bolýar. Mährem öýden başlanan watançylyk duýgusy ýaş nesiller ulaldygyça berçinlenip, il-ulsa, eziz Watana bolan mertebesi beýik söýgä öwrülýär. Ene topragyň daşyna gala kimin jebisleşýän gerçek goç ýigitleriň gaýduwsyzlygy, zähmetsöýerligi, halallygy bilen Watanyň at-abraýy dünýä ýaýylyp, şan-şöhraty taryha ýazylýar. Ine, ýaňy-ýakynda biz taryhyň altyn sahypalaryna merjen däneleri deý düzülen şeýle ajaýyp wakalaryň ýene-de birine şaýat bolduk. Ol hem Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 günüň galmagy mynasybetli Mary welaýatynda geçirilen toý şowhunly, dabaraly çäre boldy. Dabaranyň toý jaýy bolup durýan «Galkynyş» gaz käniniň töweregine ýygnanan mähelle göýä, Görogly begiň kyrk günläp toý tutuşy ýaly, türkmeniň ähli milli däp-dessurlaryna beslendi. Bu dünýä derejeli gaz käninde ady äleme dolan «Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawynyň ýakylmagy diňe bir Mary welaýatynyň ilatyny däl, eýsem tutuş halkymyzy bagtyýarlyga besledi. V Aziýa oýunlaryny geçirmek bilen il-ulsumyzyň mertebesini beýik menzillere mynasyp derejede galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň bu tolgundyryjy waka Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinden teleköpri arkaly ak pata bermegi bolsa, türkmen Diýarynda dünýä derejeli tehnologiýalardan peýdalanmagyň milli maksatnamalarynyň amala aşýandygynyň netijesi boldy. Döwlet bähbitli, il ähmiýetli bu tutumly işi amala aşyrmak üçin hormatly Prezidentimiz Olimpiýa şäherçesiniň «Sport» myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, giň sport jemgyýetçiliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hormatly Prezidentimizi mähirli garşyladylar. Myhmanhananyň mermer binasynda ýaýbaňlandyrylan sergi görenlerde ýakymly täsir galdyrdy. Sergidäki dürli görnüşli ekologiýa taýdan arassa, ynsan saglygy üçin ýaramly, bol türkmen Güneşiniň nuruna eýlenip ýetişýän ak pagtadan hem-de arassa ýüpek pilesinden taýýarlanan lybaslar görenleri haýrana goýdy. Ýokary dizaýnerçilik ussatlygy bilen biçilip, tikilen sport we çaga lybaslary, V Aziýa oýunlarynyň hünärmenleri we meýletinçileri üçin niýetlenen egin-eşikler, keteniden taýýarlanan milli nagyşly önümler, çeper sowgatlyklar, gülälekli meýdan ýaly halylar dideleri özlerine örkledi.

 Hormatly Prezidentimiz «Sport» myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna baryp, gutlag sözi bilen çykyş etdi. Gahryman Arkadagymyz şeýle diýdi: «Biz halkymyzyň asylly ýörelgesinden ugur alyp, ýakyn geljekde diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem sebitiň halklary üçin hem rysgal-bereket getirjek dünýäde iň uly «Galkynyş» gaz ojagyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň alawyny milli däp-dessurlarymyza laýyklykda ýakmagy makul bildik». «Däp-dessurym — göwün tugum» diýip ýaşalýan türkmen Diýarynda milli gymmatlyklarymyzyň arzylanyp saklanylýandygy ýene bir gezek tutuş dünýä äşgär boldy. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz uly aladalary bilen alys ýurtlarda ýaşaýan dostana halklaryň ojaklaryny ýyladýan türkmen gazynyň barha mahabaty artýar. Dünýäde «mawy altyn» çykarmak boýunça öňdäki orunlary eýeleýän Türkmenistanyň ady öňdebaryjy, kuwwatly, ykdysady taýdan ösen döwlet hökmünde dünýä dolýar. Ine, bu günki gün V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 10 günüň galmagy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan dabaraly çäre hem myrat tapan maksatlaryň şaýady boldy. Alawy ellerine alan atly ýigitler bolsa bedewlerini oýnadyp, başlaryndaky ak silkme telpekleriniň buýralaryny seçelendirip, ellerindäki ýaşyl baharlar ýaly owadan baýdaklaryny pasyrdadyp, «Niredesiň gözel Aşgabat?» diýip, ýola düşdüler.

 Hormatly Prezidentimiz teleköpri tamamlanandan soň, «Sport» myhmanhanasynyň maslahatlar zalyna ýygnanan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň agzalarynyň öňünde çykyş etdi. Türkmen türgenlerine «Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk» şygary bilen geçiriljek V Aziýa oýunlarynda uly üstünlikler gazanmaklaryny tüýs ýürekden arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz sözüniň dowamynda deslapky ýaryşlarda gazanylan gowy netijeler, halkara sport baýramy mynasybetli geçirilen çäreler, aýratyn-da yhlasly zähmet siňdirilip bina edilen Olimpiýa şäherçesiniň dünýäniň täsinlikler kitabyna girizilen ajaýyp desgalary hakynda aýdyp geçdi. Şeýle ajaýyp döwürde ýaşaýan, dünýä derejeli sport binalarynda taplanýan türgenlerimiziň «Aşgabat 2017» oýunlarynda ýeňiş gazanjakdyklaryna berk ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiziň aýdan gyzyldan gymmatly sözleri, bildiren uly ynamy ýaş türgenleri diýseň tolgundyrdy. Olar aýdan ýürek sözlerinde türkmen sportuny ösdürmäge aýratyn üns berýän, türgenler üçin ajaýyp şertleri döredýän milli Liderimize sagbolsun aýtdylar, özlerine bildirilen uly ynam üçin tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

 Soňra hormatly Prezidentimiz milli myhmansöýerlik däbimize eýerip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň önüm marketingi boýunça ýolbaşçysy jenap Wiktor Fenes Wakasa söz berdi. Myhman Türkmenistanda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň diňe bir sebitde däl, eýsem dünýäde ähmiýetiniň uludygyny turuwbaşdan belläp geçdi. Oýunlaryň geçiriljek ýeri bolan, 40-a golaý desgany özüne birleşdirýän Olimpiýa şäherçesiniň enjamlaşdyrylyşynyň, ýokary tehnologiýaly düzüminiň we bezeg keşbiniň diňe bir Merkezi Aziýa sebitinde däl, eýsem onuň daşynda hem deňiniň-taýynyň ýokdugyny belledi. Aýratyn-da şäherçäniň iki sany desgasynyň doly we içgin öwrenilmeginiň netijesi hakynda aýdyp, hormatly Prezidentimizi we tutuş halkymyzy bu desgalaryň dünýä kitabyna ýazylandygy bilen tüýs ýürekden gutlady. «Aşgabat 2017-niň» esasy nyşany bolan bedew atyň çeper keşbiniň hem-de halkara ölçegleriniň ýokary talaplaryna kybap gelýän, ekologiýa taýdan arassa serişdelerden häzirki zaman tehnologiýalary esasynda gurlan, dünýäde iň uly üsti ýapyk suwda ýüzülýän howuz hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigini aýdyp, hormatly Prezidentimize bular baradaky güwänamany gowşurdy. Gahryman Arkadagymyz myhmana tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ajaýyp wakalaryň türkmen halkyny mundan buýana-da rowaçlyklara we üstünliklere beslejekdigini belledi. Elmydama halkymyzyň saglygyny berkitmäge, türkmen sportuny ösdürmäge aýratyn üns berjekdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz türkmen türgenlerine öňde duran uly sport ýaryşynda netijeli çykyş etmegi ýene-de bir gezek arzuw edip, olar bilen hoşlaşdy. Milli ýygyndymyzyň agzalarynyň haýyşy boýunça milli Liderimiz «Sport» myhmanhanasynyň öňünde olar bilen surata düşdi. Bu surat V Aziýa oýunlarynda üstünlik gazanyp, türkmen halkynyň at-abraýyny, şan-şöhratyny bütin dünýä ýaýjak türkmen türgenleriniň ynamly garaýyşlarynyň şaýady hökmünde ýadygärlik galar.

“Nesil” gazeti,

09.09.2017ý.

Meňzeş habarlar