Hepdäniň duşenbe güni hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.
Uly toýuň öňüsyrasynda geçirilen wideoşekilli iş maslahatynda milli Liderimiz göni aragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň hasabatlaryny diňledi. Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzyň welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işlerini ýokarlandyrmagyň, halkara derejeli sport baýramyna ykjam taýýarlyk görýän paýtagtymyz Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meselelerine seredildi.
Ahal welaýatynyň häkimi hasabat bilen çykyş edip, meýdan işlerini güýçlendirmek boýunça talap edilýän işleriň ýerine ýetirilýändigini belledi.
Milli Liderimiz welaýatyň oba hojalyk işleriniň gidişi baradaky hasabaty diňläp, ýurdumyzda daýhanlar, kärendeçiler, ýer eýeleri barada döwlet tarapyndan uly aladalaryň edilýändigini belledi. Oba hojalygyny ösdürmegiň çäklerinde daşary ýurtlardan alnyp berlen kuwwatly tehnikalar, mineral dökünler we bol suw bilen üpjünçilik ýagdaýynyň kada laýykdygyny aýtdy. Şeýle amatly mümkinçiliklerden welaýatda doly derejede peýdalanylmalydygyny, ekerançylyk işleriniň agrotehniki kadalara laýyk gelmelidigini hormatly Prezidentimiz welaýat häkimine we häkimleriň hasabaty diňlenýärkä göni aragatnaşykda duran wise-premýere aýdyp, anyk tabşyryklar berdi.
Ýurdumyzyň günbatarynda ýerleşýän Balkan welaýatynda oba hojalyk işlerini guramaçylykly geçirmek, aýratyn-da bugdaý ekişiniň depginini güýçlendirmek babatda uly işler alnyp barylýar. Bu barada hasabat bilen çykyş eden welaýat häkimi ýolbaşçylyk edýän sebitinde bosagada duran V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyk işleri, şeýle hem Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek täze desgalar hakynda aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz obasenagat toplumynda döwlet tarapyndan döredilýän oňaýly mümkinçiliklerden peýdalanmaklyga ünsi çekmek bilen meýdan işlerini sazlaşykly alyp barmaklyk barada aýratyn tabşyryklar berdi. Aýratyn-da barha ýakynlan “Aşgabat 2017” oýunlaryna taýýarlyk işleriniň çäklerinde görülýän çäreleriň wajypdygyny belledi. Bu meselä aýratyn jogapkärçilikli çemeleşmegi hem tabşyrdy. V Aziýa oýunlarynyň yzysüre gelýän Garaşsyzlyk baýramynyň şanyna açyljak täze desgalaryň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek barada hem aýtdy.
Ýurdumyzyň Daşoguz welaýaty oba hojalygyna ýöriteleşen sebit hasaplanýar. Welaýatyň ekerançylyga ýöriteleşen etraplarynda şu günler bugdaý ekişi-de, pagta ýygym möwsümi-de guramaçylykly alnyp barylýar. Welaýat häkimi bu barada hasabat bermek bilen depginleri güýçlendirmek babatynda yhlas edilýändigini aýtdy. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygy pudagynyň işleriniň ilerlemegi üçin ähli etraplaryň daýhanlarynyň tijenip zähmet çekmelidigini belledi. Şeýle hem barha ýakynlaýan “Aşgabat 2017” oýunlary mynasybetli geçirilýän medeni maksatnamalaryň derejesini ýokarlandyrmak barada nygtady.
Lebap welaýaty Diýarymyzda diňe bir oba hojalygy, maldarçylyk önümlerini öndürmekde yhlas görkezmek bilen çäklenmän, eýsem medeniýet ulgamynda, sportda hem ýokary derejeleri eýelemegiň aladasy bilen gurşalýar. Bu barada welaýat häkiminiň hasabatynda hem aýratyn bellenildi. Ol bosagamyzda duran V Aziýa oýunlarynyň açylyş-ýapylyş dabaralaryna gatnaşýan medeniýet, sungat işgärleriniň taýýarlyk derejeleri barada aýratyn nygtap geçdi. Hormatly Prezidentimiz şeýle guramaçylykly taýýarlygyň depginini has güýçlendirmek barada belläp, Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli ulanylmaga beriljek täze desgalaryň gurluşygyna hem ünsi çekdi we bu barada anyk tabşyryklar berdi.
Ýaňy-ýakynda “Aşgabat 2017” oýunlary bilen bagly bolan uly toý-dabarasyny birkemsiz sowan gadymy Mary topragy hem barha rowaçlanýar. Giňden ýaýbaňlanýan bugdaý ekişinde-de, pagta ýygymynda-da ýokary derejeleri gazanmaklyga dalaş edilýär. Bu barada hasabat beren welaýat häkimi öňde duran yklymyň sport baýramyna hem giňden taýýarlyk görülýändigini belledi.
Hasabaty diňläp, milli Liderimiz agrosenagat toplumyny ösdürmekde sazlaşykly ösüşi ýola goýmak bilen bilelikde welaýatyň sungat işgärleriniň giň möçberli ýaryşlara taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynyň ahyrynda Aşgabat şäheriniň häkiminiň hasabatyny diňledi. Ol öz hasabatynda müňlerçe daşary ýurtly myhmanlary garşylamaga taýýarlyk görýän paýtagtymyzyň arassaçylygyny, abadançylygyny, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek hakynda aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz gurulýan ajaýyp desgalarda ylma esaslanmagyň, dünýä tejribelerini peýdalanmagyň ähmiýetiniň diýseň uludygyny belläp geçdi. Gurluşygy alnyp barylýan desgalar bilen bir hatarda geljekde guruljak binalaryň zerurdygyny ýatlatdy. Aýratyn-da paýtagt şäherimizi gülzarlyga büremek, agaç nahallaryny oturtmak işlerini agzap, şu işlerde alymlaryň maslahatlaryndan, tejribelerinden peýdalanmagy salgy berdi.
Milli Liderimiz ýene-de sanlyja günlerden başlanjak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna ýokary guramaçylyk bilen taýýar durulmalydygyny berk nygtady. Öňde duran halkara sport toýunda medeni çäreler arkaly halkymyzyň baý ruhy dünýäsiniň, Watanymyzyň ýeten belent derejesiniň suratlandyrylmalydygyny aýratyn belläp geçdi. Wideoşekilli iş maslahatynyň soňunda Gahryman Arkadagymyz oňa gatnaşyjylara işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw etdi.
“Nesil”gazeti,
14.09.2017ý.












