Türkmen diplomatiýasy dabaralanýar

 Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilige, abadançylyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty täze üstünlikler bilen dabaralanýar. Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky 36-njy mejlisinde «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda» Jarnamanyň kabul edilmegi, soňra oňa Braziliýanyň hem goşulmagy dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp boldy.

 Bu resminamanyň awtordaşy bolup BMG-niň agza döwletleriniň 29-sy çykyş etdiler, olaryň hatarynda Owganystan, Azerbaýjan, Argentina, Belarussiýa, Braziliýa, Hytaý, Çili, Kolumbiýa, Kosta-Rika, Ekwador, Gonduras, Fransiýa, Gruziýa, Ýaponiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Marokko, Panama, Peru, Rumyniýa, Sudan, Günorta Koreýa, Siriýa, Täjigistan, ABŞ, Urugwaý, Özbegistan we beýlekiler bar.

 Jarnama şeýle sözler bilen başlanýar «Biz kemsitmeleriň ähli görnüşlerine garşy göreşmegiň hem-de hemmeler üçin durmuş şertlerini döretmegiň serişdeleri hökmünde hormat, mertebe, köpdürlülik, deňlik, sabyrlylyk we adalatlylyk ýaly gymmatlyklary höweslendirmekde sportuň mümkinçiliklerini ykrar edýäris». Resminamada bellenilýän bu pikir sportuň hormat, mertebe, köpdürlülik, deňlik, sabyrlylyk we adalatlylyk ýaly gymmatlyklary höweslendiriji bolup çykyş edýänliginiň şaýady hökmünde hut şu günler paýtagtymyz Aşgabatda dowam edýän Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda dabaralanýar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň möhüm bölegi hökmünde uly goldaw tapan bu resminamanyň hut «Aşgabat 2017» oýunlarynyň dowam edýän günlerinde BMG-niň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda kabul edilmegi uly syýasy üstünlikdir.

 Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen bu iri sport ýaryşlaryna Aziýanyň we Okeaniýanyň ýurtlary bilen bilelikde emele gelen ýagdaýlar sebäpli öz milli baýdaklarynyň astynda çykyş edip bilmeýän türgenler — bosgunlar toparynyň hem ilkinji gezek gatnaşmagy uly goldaw tapdy. Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidenti şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah «Aşgabat 2017-niň» açylyş dabarasynda eden çykyşynda Aziýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji gezek bosgun türgenleriň toparlarynyň gatnaşýandygyna ýokary ähmiýet berdi.

 BMG-niň Sport boýunça müdiriýetiniň Bosgunlaryň işi baradaky utgaşdyryjysy Klaude Marşalyň Türkmenistanyň bu ädimini «örän täsirli» diýip atlandyrmagy we beýleki döwletler üçin hem görelde alarlykdygyny nygtamagy, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Ýelena Panowanyň bolsa, Milletler Bileleşiginiň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynda Türkmenistanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk ýagdaýynda gelen bu kararynyň juda ýerliklidigini we munuň 2030-njy ýylyň Gün tertibiniň «Hiç kim unudylmaly däldir» diýen baş ýörelgesiniň durmuşa geçirilmegini aňladýandygyny bellemegi bizi guwandyrýar.

 Türkmenistanda adam jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygydyr. Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş şygary munuň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlygy ýokary derejede ösdürýär. Ýurdumyzyň BMG-niň Bosgunlaryň işleri boýunça Ýokary Komissarynyň maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hemişelik agzasy, MHG-niň agzasy bolmagy ählumumy işlere strategiki gatnaşyjy hökmünde çykyş etmegine esas bolup durýar. Türkmenistan ynsanperwer meseleleri boýunça esasy halkara şertnamalarynyň we konwensiýalarynyň hatarynda «Bosgunlaryň derejesi hakynda» BMG-niň Konsepsiýasy we degişli teswirnama, şeýle hem «Apatridleriň derejesi hakynda» we «Raýatsyzlygy azaltmak hakynda» BMG-niň Konwensiýalaryna hem goşuldy.

 Türkmenistan ynsanperwer ulgamda öz üstüne alan borçnamalaryna ýokary derejede eýerýär. Paýtagtymyz Aşgabatda 2012-nji ýylda «Bosgunlar musulman dünýäsinde», 2014-nji ýylda bolsa «Migrasiýa we raýatsyzlyk boýunça halkara maslahat: wehimleri kesgitlemek we öňe tarap ýol» atly maslahatlaryň geçirilmegi bu ugurda Türkmenistanyň bosgunlaryň durmuş we hukuk şertleri bilen bagly toplan tejribesini dünýä ýaýmaga mümkinçilik berdi.

 Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň başlangyjy bilen «Aşgabat 2017» sport oýunlaryna bosgunlaryň sport toparynyň gatnaşdyrylmagy hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi we Şweýsariýanyň Ženewa şäherindäki Birleşen Milletler Guramasynyň Adam hukuklary baradaky 36-njy maslahatynda «Parahatçylygy we adam hukuklaryny berkitmekde Bosgunlaryň olimpiýa toparlarynyň goşýan uly goşandyny höweslendirmek hakynda» Jarnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatynyň amala aşyrylmagynda gazanylan ýene bir strategik üstünlik boldy. Türkmen halkynyň ynsanperwerlik ýörelgeleriniň dünýä ýüzünde parahatçylygy we dostlugy pugtalandyrmakda täsirli serişde hökmünde ykrar edilmegi we Arkadag Prezidentimiziň syýasy öňdengörüjiliginiň dabaralanmagy bilen watandaşlarymyzy gutlaýarys!

“Nesil” gazeti,

21.09.2017ý.

Meňzeş habarlar