Hatar-hatar öý bolar, türkmenimde toý bolar

 7-nji oktýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan «Nowruz ýaýlasynyň ak öýüniň» açylyş dabarasy boldy. Şol gün nobatdaky ekologiýa çäresi bolan ählihalk ýowary hem badalga aldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baýramçylyk ruhuny döredýän ýagdaý türkmeniň ak öýleriniň dikilip, ol ýerde hem türkmen toýlarynyň äheňleriniň ýaýbaňlandyrylmagy bilen has-da gözel görke geldi. Türkmen obasynyň bagtyýar keşbini beýan edýän görnüşler toý gazanlarynyň atarylmagy, ýaşulularyň, ýaşkiçileriň, gelin-gyzlaryň toý gezelençleriniň guralmagy, bagşy-sazandalaryň belent owazy bilen utgaşyp, bu ýere ýygnananlara egsilmez şatlyk paýlady. Bereketli topragymyzyň rysgal çeşmesi bolan düýelerdir dowarlaryň süri-süri bolup aýlanyşyp ýörşi hem göwünlere şatlyk eçildi.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramynyň belleniljek günleriniň öň ýanynda bolan toý dabarasyna hormatly Prezidentimiz şeýle-de Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen bilelikde “Nowruz ýaýlasynyň ak öýi” binasyna tarap ugrady. Ol ýerdäki meýdançada ýurdumyzyň döredijilik toparlarynyň aýdym- sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dabara gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etmek bilen, döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynyň gadymy topragynda — Nowruz ýaýlasynda täze gurlan kaşaň Ak öý binasynyň dabaraly açylýandygyny şeýle hem bu ýerde bag ekmek boýunça ýowaryň geçiriljekdigini belledi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Täze jaý” hojalyk jemgyýeti tarapyndan bina edilen «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasy döwrebap gurluşyk çözgütleri, türkmeniň ak öýüne birkemsiz meňzeşligi bilen görenleri haýran galdyrdy. Bu binanyň sahnasynda maslahatlary, konsertleri geçirmek üçinem mümkinçilikler bar.

 Köpetdagyň etegindäki şu gözel ýaýlada her ýyl Nowruz baýramynyň uly dabaralara beslenýändigini aýdyp, hormatly Prezidentimiz Milli bahar baýramynyň kökleriniň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýändigini, Nowruzyň dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň gadymy baýramlarynyň biridigini belledi. Şoňa görä-de, 2009-njy ýylda Nowruz baýramy ÝUNESKO tarapyndan Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna goşuldy. 2010-njy ýylda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasy bilen her ýylyň 21nji marty «Halkara Nowruz güni» hökmünde yglan edildi diýip, milli Liderimiz aýtdy. 2013-nji ýylyň baharynda berkarar Watanymyz Nowruzyň halkara derejede baýram edilýän merkezine öwrüldi. Şondan bäri bu gadymy baýramyň hormatyna her ýyl paýtagtymyz Aşgabatda, Köpetdagyň etegindäki şu taryhy ýaýlada baýramçylyk dabaralary giň gerim bilen geçirilýär. Nowruz tebigat bilen sazlaşykly ýaşan ata-babalarymyzyň ruhy dünýäsiniň we paýhasynyň utgaşmasyny duýmaga mümkinçilik berýär. Parahatçylygyň, ylalaşygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň, dost-doganlygyň hem-de özara düşünişmegiň jarçysy bolup hyzmat edýär. Nesip bolsa, biz hemişe Nowruz baýramyny şu gözel ýaýlada döwlet derejesinde geçireris diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi. Halkymyzda öý gurmak, ojak edinmek rysgal-döwletliligiň alamaty hasap edilýär.

Halkymyzyň asuda we abadan durmuşda ýaşamagynda alyp barýan Bitaraplyk syýasatymyzyň ähmiýeti örän uludyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen berkarar döwletimiz bu gün ykdysady taýdan ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. Biz muňa örän buýsanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

 Milli Liderimiz çykyşynyň ahyrynda bu dabara gatnaşyjylaryň ählisini «Nowruz ýaýlasynyň ak öýi» binasynyň açylmagy bilen gutlady  we täze binanyň daş-töwereginde bag nahallaryny ekmek çäresine hem gatnaşmaga çagyrdy. Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda hormatly Prezidentimiz, hormatly ýaşulular, we ak gyňaçly eneler bilen bilelikde täze binanyň toý bagyny kesdi. Hormatly Prezidentimiz täze bina ilki bilen ýaşulularyň girmegini teklip etdi. Ata-babalarymyzyň täze öýe girende ýerine ýetirýän gadymy däpleri şol pursatda öz beýanyny tapdy.

Hormatly Prezidentimiz binanyň içine girip, onuň gurluşy, enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. Medeni-durmuş ähmiýetli bina 3 müň orunlyk bolup, onda umumymilli we halkara ähmiýetli köpçülikleýin çäreleri geçirmek mümkinçiligi bolan uly konsert zaly bar. Döwrebap enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bina toý-baýramlaryň geçirilýän ýerine öwrüler.

 Dabara gatnaşyjy ýaşulular bu ýere ýygnananlaryň ählisiniň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidentine uly syýasy waka bolan Türkmenistanyň Ýaşulularynyň nobatdaky maslahatynyň öň ýanynda şunuň ýaly kaşaň binany gurduryp berenligi üçin sagbolsun aýtdylar. Ak öý türkmeniň gadymy däplerini özünde jemleýän mukaddeslik bolup durýar. 2015-nji ýylyň noýabr aýynda Mary welaýatynda “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylandygyny we Mary şäherine “2015-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” derejesiniň berilmeginiň çäklerinde, bu ýerde türki dilli ýurtlaryň sungat ussatlarynyň konsertiniň guralandygyny bellemeli. Ýene bir taryhy ähmiýetli waka, ol hem ajaýyp binada guralan baýramçylyk dabarasynyň dowamynda 4 müň adamyň bilelikde hormatly Prezidentimiziň döreden “Öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan!” atly aýdymyny ýerine ýetirmegidir. Bu waka Ginnesiň rekordlar kitabyna dünýä rekordy hökmünde girizildi.

Türkmeniň ak öýüniň mukaddes manysyny ebedileşdirmek maksady bilen häzirki wagtda ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynda hem «Ak öý» binalarynyň gurulýanlygy guwandyryjydyr.

 Soňra döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin niýetlenen bina bardy we toý bagyny kesip, ony açdy. Milli Liderimiz binanyň içki bezegi bilen tanyşdy.

Hormatly Prezidentimiz bu dabaralar tamamlanandan soň, ählihalk ýowaryna badalga beriljek ýere ugrady. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimizi uly ruhubelentlik bilen garşy aldylar. Ýowara gatnaşýanlaryň arasynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşlar bar.

Ählihalk ýowaryny geçirmegiň hem döwrebap däpleri kemala getirildi. Ýaňlanýan aýdym-sazlar bu ýere ýygnananlara toý şatlygyny paýlady. Asylly däbe görä, döwlet Baştutanymyz ilkinji bag nahalyny oturdyp, bag ekmek çäresine badalga berdi. Ählihalk ýowaryna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň göreldesine eýerip, türkmen halkynda mukaddes hasap edilýän bag ekmek işine köpçülikleýin girişdiler.

Türkmenistanda bag ekmek, gök zolaklary döretmek we tebigatda ekologiýa abadançylygyny kemala getirmek işine aýratyn uly üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň dünýä jemgyýetçiligine ekologiýa babatda eden teklipleri BMG-ä agza döwletler tarapyndan uly goldaw tapýar. Türkmenistanda yzygider halkara forumlar geçirilip durulýar. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda “Merkezi Aziýada daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş babatda hyzmatdaşlyk üçin başlangyç” atly ilkinji halkara ekologiýa maslahaty geçirildi. Häzirki döwürde Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm bölümleriniň wekilleri bilen bilelikde, BMG-niň durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlyk boýunça Edara binasyny döretmek meselesi çözülýär.

Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň täze tapgyrynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Kararyna laýyklykda, 2017-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri, pudak edaralary, häkimlikleri paýtagtymyzyň hem-de onuň töwereklerinde, welaýatlarda saýaly we pürli agaç nahallarynyň, şol sanda üzümiň 3 millionyny ekmäge borçly edildi. Şu ýylyň ýazynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde 400 müňden gowrak bag nahallary oturdyldy.

Mähriban topraga bolan perzentlik söýgini alamatlandyrýan köpçülikleýin çäre tutuş ýurdumyz boýunça geçirildi. Ählihalk ýowaryna 364 müň 700 adam gatnaşdy we 417 müň 715 düýp bag nahallary oturdyldy. Aşgabat şäheri boýunça bag ekmek çäresine 34 müň 28 adam gatnaşdy. Olaryň birleşen tagallasy bilen 158 müň 765 düýp bag nahallary oturdyldy we ozal bar bolan baglaryň 595 müň 435-sine ideg işleri geçirildi. Ählihalk ýowaryny tamamlap, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu çärelere gatnaşyjylaryň hemmesini toý saçagynyň başyna çagyrdy. Bu ýerde diňe bir türkmen aşhanasynyň milli tagamlaryndan dadyp görmek däl, eýsem olaryň taýýarlanyş aýratynlyklary bilen tanyşmaga hem mümkinçilik bar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kemala getirilen däplere laýyklykda ählihalk ýowary özboluşly baýramçylyk ruhuna eýe boldy. Bu bagtyýar günler baky Bitarap Türkmenistanyň ýagty geljeginiň buşlukçysy bolup, taryhymyza ýazyldy.

“Nesil” gazeti,

10.10.2017ý.

Meňzeş habarlar