Golaýda şeýle şygar bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap Geňeşi, etrabyň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 65-nji orta mekdebinde okaýan okuwçy ýaşlaryň arasynda bäsleşik geçirdi. Mekdep okuwçylarynyň arasynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlygyň ähmiýetini wagyz etmek, bu döwlet derejesinde geçirilýän biraýlygyň çäklerinde dürli çäreleri, bäsleşikleri guramak maksady bilen geçirilen bäsleşige okuwçylar işjeň gatnaşdylar. Toparlaýyn görnüşde geçen bäsleşik iki tapgyrdan ybarat bolup, onda okuwçylar polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň gözegçisiniň hereketleri esasynda ýol-hereketiniň düzgünlerini ýerine ýetirmek hem-de bu tema degişli sowallara jogap bermek şertleri boýunça özara bäsleşdiler. Çekeleşikli geçen bäsleşik okuwçylaryň ýol-hereket düzgünlerini oňat özleşdirendiklerini görkezdi we ýeňiji topary ýüze çykardy.
Hudaýnazar MEREDOW,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.